Türkmenistanda 514 sany bendiniň günasi geçildi

Türkmenistanda 514 sany bendiniň günasi geçildi

22-nji aprelde musulmanlaryň mukaddes “Gadyr gijesiniň” öň ýanynda jenaýat edendigi üçin türmä basylan, emma, edenleri üçin gynanýan, 514 sany raýatyň günäsi geçildi.Bu baradaky karara prezident S.Berdimuhamedow anna güni geçen hökümet maslahatynda gol goýdy diýip türkmen TW-niň “Watan” täzelikler gepleşigine salgylanyp hökümetiň tarapdary bolan neşir habar berýär.

Şonuň ýalyda, prezident goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary, prezidentiň ýanyndaky raýatlyk we günä geçiş meseleleri boýunça toparyň başlygy Begenç Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen birlikde bendileri türmelerden boşatmak hem olaryň ýakyn wagtda maşgalasynyň arasynda bolmagy üçin zerur işleri gurnamagy tabşyrdy.

Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýlede beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilenleri işe ýerleşdirmek babatda zerur çäreleri görmek tabşyryldy diýip neşir ýazýar.

Mundan öň geçen ýylyň dekabrynda Halkara bitaraplyk güni bilen bagly 338 sany tussagyň günäsini geçmek baradaky karara prezident G.Berdimuhamedow gol goýdy diýip TDH döwlet habarlar gullugy maglumat beripdi.

Ol garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna 2058 sany türkmenistanlynyň we 6 sany çet ýurtlynyň günäsini geçipdi.

Geçen ýylyň 7-nji maýynda, “Gadyr gijesi” bolsa, 982 sany türkmen raýatynyň we 53 sany daşary ýurtlynyň, şeýlede 16 sany Iýogowanyň şaýatlarynyň, 3 eýranlynyň günäsini prezident geçipdi.The post Türkmenistanda 514 sany bendiniň günasi geçildi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Hytaýyň goranmak ministri Aşgabada bardy we Türkmenistanyň içki işlerine daşardan päsgelçilige garşy çykyş etdi
S.Berdimuhamedow Howpsuzlyk geňeşinde iki käýinç yglan etdi we baş prokurory belledi
S.Berdimuhamedow Garaşsyzlyk güni bilen bagly 833 tussagyň günäsini geçdi
Analiz: “Täze eýýamda-köne heňňamlar…” (Serdar Berdimuhamedowyň prezidentligine bir aý boldy)
S.Berdimuhamedow howpsuzlyk Geňeşiniň IIM-den beýleki ähli agzalaryny galdyrdy we howpsuzlyk meseleleri boýunça wise-premýer wezpesini ýatyrdy
Berdimuhamedowlar türk işewürleri bilen 'özara bähbitli hyzmatdaşlygy' maslahatlaşýar