Türkmenistanda Bütindünýä saglyk gününde köpçülikleýin sport çäreleri geçiriler

7-nji aprelde, Bütindünýä saglyk gününde Türkmenistanda, mekdep okuwçylarynyň, studentleriň we býujet edaralarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda köpçülikleýin sport çäreleri geçiriler. Bu barada Ministrler kabinetiniň anna güni geçen mejlisinde ylym, bilim, saglygy saklaýyş we sport boýunça wise-premýer Pürli Agamyradowyň hasabatynda aýdyldy.

“Dürli meýdançalarda — Saglyk ýolunda, seýilgäh we sport toplumlarynda, stadionlarda we beýlekilerde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sport ýaryşlary geçiriler we görkezme çykyşlary guralar” diýip, emeldar aýtdy.

Belleýäris, ozallar Türkmenistanda aprel aýynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” biraýlygy geçirilerdi. Şol bir aýyň dowamynda studentler, býujet edaralarynyň işgärleri dürli sport çärelerine: görkezme ýaryşlaryna, bedenterbiýe maşklaryna we stadionlardaky oýunlara şowhun berýän tomaşaçylaryň rolunda çykyş etmäge çekilerdi.

Bu ýylda häkimiýetler, häzirlikçe, sagdynlyk biraýlygynyň geçiriljegini yglan etmediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmen ÝOJ-larynyň uçurymlaryny iki ýyl işlemek üçin kärhanalara ugradarlar
Ylymlar akademiýasynyň döwlet býujetinden maliýeleşdirilmegi üç ýyl içinde bes ediler
TDH: Türkmenistanda umumybilim okuw maksatnamasyny gysgaldylan möhletde özleşdirmäge mümkinçilik döredilýär
Prezident Berdimuhamedow: Türkmen türgenleri watansöýüjilik duýgularyny esasy ýörelge edinmeli!
Türkmenistanyň Olimpiýa ýygyndysy Aşgabatda we “Awazada” tälim alar
Berdimuhamedow orta we ýokary okuw mekdeplerini internet ulgamyna birikdirmegi tabşyrdy