Türkmenistanda gurluşyk garyndylaryny we gipsokarton öndürýän kärhana döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda gurluşyk garyndylaryny we gipsokarton öndürýän kärhana döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedow şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag kän müdirliginiň hem-de “Ak bulut” hojalyk jemgyýetiniň paýly gatnaşmaklarynda “Türkmen gips” hojalyk jemgyýetini döretmegi teklip etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu teklip “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” senagat pudagyny ösdürmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek, importyň ornuny tutýan, eksport ugurly harytlaryň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen beýan edildi.

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Dostluk şäheriniň çäginde dörediljek bu täze bilelikdäki kärhanada ýylda 250 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny we 20 million inedördül metr gipsokarton önümlerini öndürmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow häzirki zaman gurluşyk serişdelerini öndürmäge niýetlenen bilelikdäki kärhananyň döredilmeginiň ýurdumyzyň senagat pudagyny mundan beýläk-de netijeli ösdürmäge ýardam berjekdigini belledi hem-de wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we ýapon kompaniýasy “Marykarbamid” zawodyny taslama kuwwatyna çykarmakçy
Günorta Koreýanyň “Daewoo E&C” kompaniýasy Türkmenistanda şahamça açar
Günorta Koreýanyň Daewoo E&C kompaniýasy Türkmenistandaky işini giňeldýär
Günorta Koreýa Türkmenistanda $2,5 milliardlyk dökün zawodlaryny gurar
Serdar Berdimuhamedow arap ýurtlary bilen lukmançylyk, sport, medeni-ynsanperwer, ekologiýa, Russiýanyň sirkleriniň Türkmenistanyň welaýatlaryndaky çykyşlary 24-nji sentýabra çenli dowam eder we beýleki habarlar
Wise-premýer B.Annamämmedow Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy