Türkmenistanda täze ýolagçy awtomenzilleriniň 4-si açylar

Türkmenistanda täze ýolagçy awtomenzilleriniň 4-si açylar

Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda ýolagçy awtomenzilleriniň açylyş dabarasy geçiriler.

Oňa görülýän taýýarlyk barada 17-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň beren hasabatynda nygtalyşy ýaly, täze awtomenzillerde awtobuslara GPS ulgamy arkaly gözegçilik etmäge we olara ýol hatlaryny elektron görnüşde resmileşdirmäge, ýolagçylara onlaýn tertibinde petek satmaga we olara awtobus ugurlary baradaky maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik döredilendir. Şeýle-de olarda ýolagçylar we sürüjiler üçin zerur bolan ýokary derejeli şertler üpjün edildi. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň garamagyna täze desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli taýýarlanan degişli meýilnamanyň taslamasyny hödürledi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow agentligiň ýolbaşçysyna awtomenzilleriň açylyş dabarasy bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Duralga programmasy Aşgabatda awtobuslaryň hereketini yzarlamaga kömek edýär
10-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Aşgabada täze taksi awtoulaglarynyň 150-si getirildi
Ýurdumyza Toyota Corolla taksileriň 150-si gelip gowuşdy 
Prezident Berdimuhamedow Aşgabada 150 taksini “sowgat etdi”
Täze Toyota Corolla awtoulaglary Onlaýn taksi gullugynyň taksi parkynyň üstüni ýetirdi