Ýurdumyza Toyota Corolla taksileriň 150-si gelip gowuşdy 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda Türkmenawtoulaglary agentliginiň tehniki parkynyň üsti täze satyn alnan Toyota Corolla kysymly ýeňil taksi awtoulaglarynyň 150-si bilen ýetirildi.

Ýurdumyzyň awtoulag düzüminiň maddy-tehniki binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy ýolagçylara hyzmat etmegiň medeniýetini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Şunda taksi awtoulaglarynyň hyzmatlar ulgamynyň has-da ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär.Türkmenistanyň ulag pudagy dünýä belli kompaniýalaryň häzirki zaman awtoulaglary bilen üpjün edilýär.

Awtoulag hyzmatlarynyň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, dürli kysymly ýokary amatlykly awtoulag serişdelerini satyn almak barada şertnamalaryň birnäçesi baglaşyldy.

Ýolagçylar üçin ýokary howpsuzlyk derejesini hem-de amatly şertleri üpjün etmäge mümkinçilik berýän sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Ýeňil awtoulag taksilerinde bank kartlary arkaly nagt däl görnüşde töleg geçirmek üçin elektron planşetler göz öňünde tutulandyr.

Awtoulaglarda GPS ulgamynyň abzallary oturdylyp, munuň özi awtoulag serişdesiniň islendik wagtda nirede ýerleşýändigini kesgitlemäge, sürüji tarapyndan tizlik derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Täze ýeňil taksi awtoulaglary dünýä ülňülerine laýyk gelýän howpsuzlyk, ygtybarlylyk we ekologik talaplara doly laýyk gelýär.

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üstüni ýetiren awtoulaglar bu pudagyň netijeli işlemegini üpjün eder. Döwrüň talaplaryna laýyk gelýän köpugurly ulag ulgamynyň döredilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäherinde we Ahal welaýatynda taksi çagyrmak hyzmaty işe girizildi
Garabagda ermeni ýaragly toparlar ýolagçy uçarlary nyşana alýarlar
Türkmenistanyň giňişligine birden aşa sowuk howa aralaşdy
Duralga programmasy Aşgabatda awtobuslaryň hereketini yzarlamaga kömek edýär
Türkmenistanda täze ýolagçy awtomenzilleriniň 4-si açylar
Aşgabada täze taksi awtoulaglarynyň 150-si getirildi