Türkmenistanda Ylymlar güni bellenilýär

Türkmenistanda Ylymlar güni bellenilýär

Şu gün Türkmenistanda Ylymlar güni bellenilýär. Bu sene mynasybetli, Aşgabatda we ýurduň welaýatlarynda dürli ylmy maslahatlar, tegelek stollar we duşuşyklar geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, şu gün Aşgabatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki ylym, tehnologiýa we innowasiýa tehnologiýalary atly iki günlük Halkara ylmy maslahat öz işine başlady.Ol hususan-da, innowasiýa tehnologiýalary, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant goşmakda tejribe alyşmak üçin meýdançany emele getirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan bilelikde guralan ýaş alymlaryň arasynda geçirilen ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem şu gün geçiriler.

Şu gün Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky Medeniýet köşgünde türkmen ylmynyň we biliminiň üstünliklerine bagyşlanan baýramçylyk çäresi geçiriler. Mälim bolşy ýaly, Yzgantda Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän 27-nji orta mekdebiň çäginde yzygiderli ylmy, amaly we pedagogik maslahatlar geçirýän Döwlet okuw-usulyýet merkezi hereket edýär.

Ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri hem çetde galmazlar: olarda ylmy-pedagogik işgärleriň goldawy bilen talyplar tarapyndan sergiler, ýaryşlar, wiktorinalar we konsert çykyşlary geçiriler.

Ondan öň Türkmenistanyň Prezidentiniň alymlary, ylmy jemgyýetçiligiň wekillerini gutlandygyny habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

25-nji maýda Türkmenistanda köp sanly baýramçylyk çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär
Okyjy: Türkmenistan döwleti 99 ýaşady
Bir kemsiz asfaltlanan köçeler, ýaldyrap duran jaýlar, azyk bolçulygy’ prezidentiň ata-baba dokduk etraby Gökdepe
Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär
Oleg Kononenko nobatdaky gezek kosmosa çykar, Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenilýär, agyr atletika boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna taýýarlanýar we beýleki habarlar
Täze okuw ýylynyň ilkinji sapagynyň ady aýdyldy
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli täze bilim edaralary ulanmaga berler