Türkmenistandan Russiýa uçjak daşary ýurtlular indi ozalkysy ýaly köp garaşmaly bolmaz

Türkmenistandan Russiýa uçjak daşary ýurtlular indi ozalkysy ýaly köp garaşmaly bolmaz

Daşary ýurt raýatlary Türkmenistandan Russiýa amala aşyrylýan ýörite uçuşlara indi ozalkysy ýaly köp garaşmaly bolmaz. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölümi Telegramdaky resmi kanalynda habar berdi.

Munuň sebäbi hökmünde ýörite uçuşlar üçin gelip gowuşýan ýüztutmalaryň sanynyň azalmagy görkezilýär. Şeýlelikde, daşary ýurt raýatlarynyň uçuş üçin garaşýan wagty 2,5 ― 3 aýa çenli azaldy.

Russiýanyň öz raýatlarynyň nobata garaşýan wagty bolsa ozalkylygyna galýar. Bu wagt 1,5 aýdan 2 aýa çenlidir.

Şeýle hem ilçihana diplomatlardan uçuşa taýýarlananda görkezilen senelere üns bermegi we içerki şahsy meselelerini öňünden çözmegi haýyş edýär.

Türkmenistan we Sibir awikompaniýalary arkaly ilçihana her aý 2-3 sany ýörite uçuşy guraýar.

Ýene degişli makalalar

Russiýa ABŞ-na seýrek gabat gelýän metallar we energetika boýunça hyzmatdaşlyk teklip etdi
Aşgabatdaky esasy Täze ýyl arçasy GDA-da iň beýik diýlip atlandyryldy
Microsoft neýroulgamy Sibir barada aýdym düzüp, ýerine ýetirdi
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ ARÇASYNYŇ ÇYRALARY ÝAKYLDY
Aşgabadyň mekdeplerinde Täze ýyl dabarasy üçin “owadan” çagalar saýlanyp alynýar
Türkmenhowaýollary agentligi daşary ýurt awiakompaniýalarynyň uçuşlary üçin petek satuwyny amala aşyrýar
Russiýada 56 dereje sowuk hasaba alyndy