Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda 1,2 milliard kWt-dan gowrak elektrik energiýasy öndürildi

Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda 1,2 milliard kWt-dan gowrak elektrik energiýasy öndürildi

Daşoguz döwlet elektrik stansiýasynda ýylyň başyndan bäri bir milliard iki ýüz otuz million kilowatt sagatdan gowrak elektrik energiýasyny öndürildi. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Daşoguzyň uly ätiýaçlyk kuwwatlyklaryna eýe bolan elektrik stansiýasy infrastrukturany ösdürmek hem-de welaýatyň energiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça dürli döwlet taslamalarynyň hem üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam berýär. Mundan başga-da, ol ýurtda bitewi energetika halkasyny kemala getirýän howa arkaly çekilýän Balkan — Daşoguz elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygynda möhüm halka bolup durýar.

Daşoguz döwlet elektrik stansiýasy sebitiň iň iri öňdebaryjy energetika düzümidir.Ol bütin dünýä meşhur General Electric amerikan kompaniýasynyň gazturbinaly enjamlary bilen üpjün edilen täze nusgaly kärhanadyr.Stansiýa her ýylda 1,5 milliard kilowatt/sagatdan gowrak elektrik energiýasyny öndürip bilýär.

Onuň kuwwatlyklary welaýatyň sarp edijiligine gerek mukdary üpjün etmek bilen birlikde, elektrik energiýanyň artykmaç bölegini ýurduň bitewi energiýa ulgamyna ibermäge mümkinçilik berýär.Stansiýada ähli önümçilik tapgyrlary ykdysady taýdan netijeli we daşky gurşaw üçin howpsuzdyr diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Ukraina atçylyk ugrunda hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Horwatiýa köp möçberde jahankeşdelere garaşýar
“TT Meridian” Türkmenistanyň üsti bilen Britaniýa-Wýetnam howa ýük gatnawyny girizer
Standart Hyzmat bazar gözleglerini geçirmek we işgärleri dolandyrmak boýunça täze hyzmatlary hödürleýär
Ilkinji sürüjisiz awtobus gatnap başlady
Türkmenistanyň Prezidentiniň Beýik Britaniýa iş sapary başlandy