Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Türkmen keşdeçilik sungaty milli mirasymyz” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi we onuň çäginde sergi gurnaldy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Türkmen keşdeçilik sungaty  milli mirasymyz” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi we onuň çäginde sergi gurnaldy

Halkymyzyň taryhy medeni mirasyny gorap saklamak hem-de dünýäde giňden wagyz etmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.Dünýä medeniýetiniň ösüşine goşant goşmakda türkmen halkynyň gadymy senetleriniň biri hasaplanýan milli keşdeçilik sungaty aýratyn orun eýeleýär.

Keşdeçilik türkmen amaly-haşam sungatynyň iň gadymy görnüşleriniň biri bolup, ol zenanlaryň arasynda giňden ýaýrandyr.Geçmişde eli çeper gelin-gyzlarymyz keşde çekmek üçin owadan nusgalar döredip reňkleri utgaşdyrmagy, nagyşlary matanyň ýüzüne sünnäläp geçirmegi ezberlik bilen başaryp, ajaýyp milli lybaslaryň ençemesini döredipdirler.

Keşde nagyşlarynda tebigatyň ajaýyp gözelliklerini nagyşlara siňdiripdirler.Olar nagyşlarynyň üsti bilen diňe bir tebigatyň gözelliklerini şekillendirmän, eýsem öz arzuw-owazlaryny hem beýan edipdirler. 2022-nji ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli Toparynyň Sekretariatynyň bilelikde guramagynda Türkmen keşdeçilik sungaty milli mirasymyz atly ylmy-amaly maslahat geçirildi we onuň çäginde sergi gurnaldy.

Serginiň esasyny maddy gymmatlyklar gaznasynda aýawly saklanylýan gelin-gyzlarymyzyň keşde usulynda ýerine ýetiren milli egin-eşikleri, ýagny “gülýaýdy”, “barmak”, “tegbent”, “goçak” nagyşlar bilen bezelen kürteler, “çigildem”, “süýek”, “çynar ýaprak”, “daragt”, “pürpudak”, “gyzyl alow” ýaly ajaýyp nagyşly ýaşyl, sary, ak çyrpylar, keşdelenip dokalan düýpli gyňaçlar düzýär. Ýakalary gaýma, ilme, pugtamada ýerine ýetirilen “ak gaýma”, “dagdan” nagyşly keteni köýnekler, basma görnüşinde “erik gül”, “alma gül”, “tegbent” nagyşly çabytlar, bugnamaly mahmal don, köjümede “gül” nagyşly nepislenen baldyz çäkmenler biri-birine sazlaşykly ýerleşdirildi.

Eli çeper zenanlarymyz diňe öz egin-eşiklerini keşdelemek bilen çäklenmän, atalaryň çäkmenlerini, ýigitleriň ezýaka, çäkýakaly köýneklerini, gyrmyzy donlary “goçak”, “dagdan” nagyşlary bilen pugtalapdyrlar. Şonuň ýaly-da çaga egin-eşikleri “daragt”, “toýnuk”, “aşyk”, “okgözi” nagyşly kirlikler, kürtekçeler, gulpaklyk, sümmen, gültahýa, ak gaýma tahýalar sergimiziň milliligini baýlaşdyrdy. Ýaşaýyş-durmuş zerurlyklary üçin ulanylan köjüme, ilme usulynda ýerine ýetirilip nagyşlanan žyzlanlar (birnäçe jübüsi bolan elde bejerilen gapjyk), bukjalar, örtgüler, çaý haltalar, gol baglar, sagat daşlary sergide görnükli orun tutýar.

Maslahata gatnaşyjylar Döwlet muzeýiniň gaznasynda saklanylýan keşdeçilik sungatyna degişli milli gymmatlyklardan gurnalan sergä aýlanyp gördüler.

Ýene degişli makalalar

Çeçenistanda Gurhany Ýakan Nikita Žurawel 3,5 Ýyl Azatlykdan Mahrum Edildi
Afrikanyň azyk howpsuzlygyna 30 milliard dollar goýberiler
Saud Arabystanynda katarly sürüji ýeňiş gazandy
Senegalda başdan geçirilen ulag heläkçiliginde köp sanda adam ýogaldy
2023-nji ýylyň sport kalendary
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Daşary Işler Ministri Çawuşogly Ganada Saparda Bolýar