Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

17-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Şol mejlisde Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, podpolkownik Amanmuhammet Şyhgulyýewiç Sazakow Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine bellendi.

Ozal bu gullugyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek işi üstüne ýüklenen A.Sazakow gullugyň başlygynyň wezipesi bellendi.

Mälim bolşy ýaly, 14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde polkownik Batyr Seýtgeldiýewiç Wolsahatow Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesinden boşadylyp, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesine bellenipdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň täze Baş prokuroryny belledi
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna polkownik harby adyny dakdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyna täze ýolbaşçy bellenildi, Aşgabatda Russiýanyň sirk artistleriniň çykyşlary dowam edýär, Türkmenistan Azerbaýjana iberilýän tebigy gazyň möçberini artdyrdy we beýleki habarlar
Türkmenistanda birnäçe täze ýolbaşçylar wezipä bellenildi
Podpolkownik A.Sazakow Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirer