Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna polkownik harby adyny dakdy

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna polkownik harby adyny dakdy

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy, podpolkownik Amanmuhammet Şyhgulyýewiç Sazakowa polkownik harby adyny dakdy.

Döwlet Baştutany degişli Permana şu gün — 16-njy ýanwarda 2023-nji ýylda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň täze Baş prokuroryny belledi
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyna täze ýolbaşçy bellenildi, Aşgabatda Russiýanyň sirk artistleriniň çykyşlary dowam edýär, Türkmenistan Azerbaýjana iberilýän tebigy gazyň möçberini artdyrdy we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna täze ýolbaşçy bellendi
Türkmenistanda birnäçe täze ýolbaşçylar wezipä bellenildi
Podpolkownik A.Sazakow Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirer