Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Gyrgyzystanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Gyrgyzystanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarow bilen iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň Prezidentleriniň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň tagallalary netijesinde döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini hem-de olaryň okgunly we üstünlikli ösýändigini bellediler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda taraplar türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem taraplar Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary kanagatlanma bilen bellediler, şeýle hem çalt ösýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, hususan-da migrasiýa babatynda hyzmatdaşlygyň bilelikde amala aşyrylýan çäreleri we giň mümkinçilikleri barada nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Gyrgyzystan Türkmenistan bilen söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak isleýär
Türkmen wekiliýeti Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
Täjigistanda Şanama poemasy her bir maşgala sowgat berler
Türkmenistanyň Daşary Işler Ministri Owganystana Iş Saparyny Gurady
TOPH taslamasynyň çäginde Hyratda amaly işe girişmek meýilleşdirilýär
Ahal düzümini ýaş futbolçylaryň ikisi bilen güýçlendirdi
2023-nji ýylda Türk döwletlerinde başdan geçirlen möhüm wakalar