Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde Bitaraplyk bagtyýarlygyň gözbaşy atly sergi gurnaldy

Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde Bitaraplyk bagtyýarlygyň gözbaşy atly sergi gurnaldy

Şu gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy, şeýle-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Bitaraplyk bagtyýarlygyň gözbaşy atly sergi gurnaldy.

Sergi Türkmenistanyň Prezidentiniň portreti we Döwlet nyşanlary bilen baglanyşdyrylyp, ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatyna bagyşlanýar.Sergide muzeýiň gaznasyndan saýlanyp alnan gymmatlyklar, Hormatly Prezidentimiziň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitine gatnaşyjy döwletleriň ýolbaşçylary bilen duşuşygyna, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna, BMG-nyň Baş sekretary bilen duşuşygyna we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki çykyşyna degişli fotosuratlar ýerleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň gaznalarynda saklanylýan ýurdumyzyň syýasy öňe gidişliklerini beýan edýän ajaýyp zergärçilik eserleri serginiň many-mazmunyny açyp görkezýär. Şonuň ýaly-da türkmeniň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp kitaplary, ussat gelin-gyzlarymyz tarapyndan sünnälenip dokalan şekilli halylar, suratkeşlerimiz tarapyndan çekilen sungat eserleri, albomlar, žurnallar serginiň täsirliligini has hem artdyrýar.

Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Medeni aň-bilim işleri bölüminiň müdiri Bahartäç Rüstemowa, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bilim işgärleriniň hünär kämilleýiş bölüminiň müdiri Sapargeldi Durdyýew, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Gurbangözel Saparowa, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Akgül Baýlyýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri Şasenem Amadowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşiniň Maglumat beriş bölüminiň hünärmeni Ogulbäbek Baýmyradowa çykyş etdi.

Myhmanlar täsirli gurnalan sergiden hoşal boldular.

Ýene degişli makalalar

Parahatçylygyň ýaş çaparlary akyl-paýhas bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy
Parahatçylygyň ýaş çaparlary akyl-paýhas bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Bedew waspy
Arkadag şäheriniň edaralaryna ýolbaşçylar bellendi
Daşoguzyň ýörite sungat mekdebinde uçurymlaryň konserti geçirildi