Türkmenistanyň futbol ýygyndysyny Aziýa kubogynyň saýlama tapgyryna Said Seýidow taýýarlar

Türkmenistanyň futbol ýygyndysyny Aziýa kubogynyň saýlama tapgyryna Said Seýidow taýýarlar

Türkmenistanly futbol hünärmeni Said Seýidow futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada TFF resmi saýtynda habar berdi.

Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi S.Seidowa Kamil Mingazow bilen Begenç Garaýew hem-de derwezeçileriň tälimçisi Pawel Matus kömekleşerler.

Said Seýidowyň mundan öň milli toparlarymyz Büzmeýin, Galkan, Nisa, Köpetdag, Aşgabat we Ahal, şeýle-de, Özbegistanyň Nawbahor, Şurtan, Akademiýa Maşýal, Nasaf hem-de Buhara toparlarynda baş tälimçiniň wezipesini ýerine ýetirendigini ýatladýarys. Said Seýidowa 2004-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi derejesiniň berlendigini bellemek gerek.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2023-nji ýylda Hytaýda geçiriljek Aziýanyň Kubogy-2023-iň saýlama tapgyryna gatnaşar.

Türkmenistanyň ýygyndy topary saýlama tapgyrynda “E” toparçada çykyş eder. Milli ýygyndymyzyň toparçadaky garşydaşlarynyň Bahreýniň, Malaýziýanyň hem-de Bangladeşiň ýygyndy toparlary bolarlar. Bu toparçadaky duşuşyklaryň hemmesi hem merkezleşdirilen görnüşinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriler.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň saýlama tapgyryndaky birinji garşydaşy ýer eýeleri Malaýziýanyň ýygyndy topary bolar. Bu duşuşyk şu ýylyň 8-nji iýunynda geçiriler. 11-nji iýunda Bangladeşiň milli ýygyndysynyň garşysyna meýdana çykjak ýygyndy toparymyzyň üçünji garşydaşy Bahreýniň ýygyndysy bolar (14-nji iýun).

Saýlama tapgyrynyň jemi boýunça Aziýa Kubogy-2023-iň final tapgyryna ýygyndylaryň 11-si gatnaşmaga (her toparçanyň ýeňijisi hem-de ikinji orny eýelän milli ýygyndylaryň bäşisi) mümkinçilik alarlar.

Ýene degişli makalalar

Tälimçileriň PRO derejeli okuwçy Aşgabat stadionynda dowam etdi
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: üçünji günüň netijeleri
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: birinji günüň netijeleri
Türkmenistanyň Prezidenti täze ýolbaşçylary wezipä belledi
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda döredijilik bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlenildi