Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasy: bir tapgyrda 40 pökgi geçirildi

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasy: bir tapgyrda 40 pökgi geçirildi

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda altynjy tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Bu barada federasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Bu tapgyrda ýaryş tertibiniň öňbaşçylary “Deňizçi” topary TNGIZT toparyny 11:0 hasabynda ýeňen bolsa, onda “Köpetdag” “Milli goşuny” 6:3 hasabynda ýeňmegi başardy. “Daşoguz” “Ahaly” 10:5 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýaryş tertibinde üçünji orun ugrunda ýiti göreş alyp barýan “Gümrükçi” bilen “Senagatbank” toparlarynyň özaralaryndaky duşuşyk hem şu tapgyra gabat geldi.

Ikitaraplaýyn hüjümlere syrygan bu duşuşyk 3:2 hasabynda “Gümrükçiniň peýdasyna tamamlandy.

Şeýlelikde, geçirilen alty tapgyrdan soň 16 utuk toplan “Deňizçi” ýaryş tertibinde eýeleýän birinji ornuny saklap galdy. 14 hem-de 11 utukdan toplan “Köpetdag” bilen “Gümrükçi” toparlary degişlilikde ikinji, üçünji orunlary eýeleýärler.

Iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda “Daşoguz” toparynyň oýunçysy Hamid Menglibaýewiň (12 top) öňdeligi eýeleýändigini bellemek gerek.

Naýbaşy ligasynyň 7-nji, 8-nji, 9-njy hem-de 10-njy tapgyrlarynyň duşuşyklary 15-19-njy iýul aralygynda Mary şäherinde geçiriler.

Altynjy tapgyryň duşuşyklaryň netijeleri: “Deňizçi” TNGIZT 11:0 “Daşoguz” “Ahal” 10:5 “Köpetdag” “Milli goşun” 6:3 “Gümrükçi” “Senagatbank” 3:2.

Ýene degişli makalalar

Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: 3-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Futzal, Naýbaşy liga: Köpetdag ýene ikinji orna düşdi
Futzal, Naýbaşy liga: Deňizçi bassyr ikinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Daşoguzdaky duşuşyklar tamamlandy
Awazada futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň 12-nji tapgyrynyň oýunlary geçirildi
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Senagatbank bassyr ikinji ýeňşini gazandy
Futzal, Naýbaşy liga: Deňizçi çempionlyk ýaryşynda ýene ýara aldy