Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2023-nji ýylyň 7-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada maglumat berdi. Hususan-da, häzirki wagtda milli parlamentiň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde täze kanun taslamalary taýýarlanylýar. Şunuň bilen birlikde, hereket edýän hukuk namalarynyň birnäçesini kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Mejlisde Wengriýanyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň orunbasary, Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy bilen duşuşyklar geçirilip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi.

Deputatlar ýurdumyzda geçirilýän dürli derejeli çärelere işjeň gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Kanadanyň Wankuwer şäherinde geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň her ýyl geçirilýän maslahatyna gatnaşdy. Mejlisiň agzalary ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny, dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikleri giňden wagyz etmek, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň mazmunyny we ähmiýetini ilata düşündirmek maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň, ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän düzümindäki işleriň ýagdaýy, bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini has-da giňeltmek maksady bilen durmuşa geçirilýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen milli we döwlet maksatnamalaryndaky wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, işewürlik we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmagyň, dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň meýilnamalaýyn borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini hemişelik gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy, gözegçilik edýän düzümleriniň, hususan-da, "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz senagatynyň düzümlerini innowasion esasda döwrebaplaşdyrmagyň, pudaga häzirki zaman serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz täze, geljegi uly meýdançalary senagat taýdan özleşdirmek boýunça toplumlaýyn işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny aýdyp, şunda "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilýän geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, galla oragyny geçirmek hem-de ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Bugdaýdan boşan meýdanlary geljek ýylyň ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde sürüm işleri alnyp barylýar, bu ugurda oba hojalyk tehnikalaryndan, gurallaryndan netijeli peýdalanylýar.Gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, ösdürilip ýetişdirilen gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, ony ilatymyza ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär.

Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow özüniň saglyk ýagdaýyny göz öňünde tutup, hormatly Prezidentimize haýyş bilen ýüzlendi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer A.Ýazmyradowyň haýyşyny kanagatlandyryp, ony saglyk ýagdaýy sebäpli, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz T.Atahallyýewi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumy boýunça orunbasary wezipesine belläp, ony Balkan welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy.

T.Atahallyýew özüne bildirilen uly ynam üçin hoşallygyny beýan edip, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere täze jogapkärli wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew hormatly Prezidentimize Balkan welaýatynyň edermen gallaçylarynyň döwlete bugdaý tabşyrmak barada meýilnamany üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habary aýtdy.Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, halkymyzyň abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň gallaçy daýhanlaryny bu zähmet üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlap, edermen daýhanlarymyzyň netijeli zähmet çekmekleri üçin mundan beýläk-de döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertleriň dörediljekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam edip, Balkan welaýatynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi welaýatyň häkiminiň orunbasary J.Annaýewiň üstüne ýükleýändigini aýtdy hem-de degişli resminamalara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, hususan-da, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, döwletimiziň energetika kuwwatyny netijeli peýdalanmak, sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly hem-de bökdençsiz üpjün etmek, daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak we ugurlaryny köpeltmek boýunça pudagyň öňünde durýan wezipeleri çözmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmakda esasy orun eýeleýän elektroenergetika toplumynyň kuwwatyny yzygiderli artdyrmak boýunça geçirilýän işleriň möhümdigini belledi hem-de wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň gaýtadan işlenilmegine hem-de taýýar önümleriň öndürilmegine gönükdirilen ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan önümçilikleri döretmek, olary doly kuwwatyna çykarmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň senagat pudagynyň ösdürilmeginiň harytlaryň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyna hem-de hiliniň ýokarlandyrylmagyna, olaryň görnüşleriniň giňeldilmegine, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygynyň artdyrylmagyna gönükdirilendigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek işlerini işjeňleşdirmek babatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu maksatlar bilen, degişli maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrmak boýunça toplumlaýyn işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem türkmen halkynyň baý medeni mirasyny dünýäde giňden tanatmak üçin yzygiderli çäreler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy-barlag we rejeleýiş işlerini dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady.Döwlet Baştutanymyz milli medeni mirasyň öwrenilmeginiň, aýawly goralyp saklanylmagynyň we geljek nesillere ýetirilmeginiň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen belli bolan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup çykyş edýändigini belledi hem-de bu ugurdaky meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary boýunça geçirilýän degişli işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerine okuwa iberilýän talyplaryň sanynyň has-da artdyrylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyzyň diňe ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem bilim almaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini aýdyň görkezýär. Ýewropa sebitiniň ýurtlary, hususan-da, ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolan Rumyniýa bilen bilim ulgamyndaky gatnaşyklar ýylsaýyn giňeldilýär.

"Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Rumyniýanyň Bilim ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň" çäklerinde bu dostlukly ýurt tarapyndan maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, oba hojalygy we oba hojalyk ylymlary, matematika, tehniki we tebigy ylymlar boýunça ýokary hünär bilimini almaga isleg bildirýänlere 2023-2024-nji okuw ýyly üçin talyp orunlary hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen ýaşlarynyň döwrebap bilim almaklary, giň gözýetimli bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmeginiň ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi hem-de bilim ulgamyny mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, innowasion bilim tehnologiýalaryny we öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlarynyň dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini we bu işleriň geljekde-de döwletimiz tarapyndan yzygiderli esasda alnyp baryljakdygyny aýtdy hem-de wise-premýere bu möhüm ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy — ÝUNESKO bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ÝUNESKO-nyň halkara maksatnamalaryna, torlaryna we ýöriteleşdirilen institutlaryna ýurdumyzyň goşulmagy ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.

BMG-niň bu iri guramasynyň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, birnäçe teklipler taýýarlanyldy.

Şu ýylyň "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly" diýlip atlandyrylýan şygaryndan hem-de "Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyndan" ugur alnyp, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň goşulmagy boýunça degişli işleri geçirmek teklip edilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň Merkezi Aziýa halkara barlaglar institutyna goşulmagy baradaky teklip beýan edildi.

Bu institutyň maddy we maddy däl medeni miras, daşky gurşaw, arheologiýa, taryh, etnografiýa, ýazuw we dilden ýazylan edebiýat, jemgyýetçilik ylymlary ýaly ugurlarda iş alyp barýandygy bellenildi. ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça instituty (IITE) bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bu institutyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça "Ýol kartasyny" işläp düzmek teklip edildi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2024-nji ýylda Aşgabat şäherinde ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahaty geçirmek baradaky teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini hem-de Türkmenistanda ÝUNESKO bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Soňky ýyllarda bu netijeli hyzmatdaşlyk täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy, birnäçe bilelikdäki taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi.Ylym-bilim, medeniýet we taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak ulgamlaryndaky ýola goýlan gatnaşyklar bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.

Häzirki günde däp bolan gatnaşyklary giňeltmek, şol sanda ýaşlar ugry boýunça, öňdebaryjy sanly we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Döwlet Baştutanymyz beýan edilen teklipleri makullap, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysyna ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, bu ugurdaky işleri dowam etdirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew deňiz we derýa ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, gämi gurluşygy boýunça daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň "Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýerleşýän ýokary öndürijilikli enjamlar bilen üpjün edilen "Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikde iş alyp barmaga gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, deňiz we derýa ulaglary pudagyny dolandyrmagy halkara ölçeglere laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bu ulgama öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak, halkara ýük daşamalary amala aşyrýan daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy berkitmek babatda agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz şu günki mejlisiň dowamynda birnäçe meselelere garalandygyny hem-de pudaklary ösdürmäge gönükdirilen käbir resminamalaryň kabul edilendigini belledi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Mähirli gutlaglar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi