Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk işleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk işleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, hatarara bejergi, ýekelemek we otag işleriniň ýerine ýetirilýändigi, bugdaýa ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýandygy, şunda oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilýändigi barada aýdyldy.

Şeýle-de döwlet Baştutanynyň ilaty gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek babatda beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatlarda ýeralma, sogana hem-de beýleki ýazlyk ekinlere ideg edilýändigi, pile öndürmek möwsümini üstünlikli geçirmek ugrunda degişli işleriň alnyp barylýandygy habar berildi.

Degişli hasabatda Daşoguz welaýatynda şaly ekişiniň guramaçylykly dowam edýändigi barada bellenildi.

Häkimler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýatlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere taýýarlyk görlüşi, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda we binalarda, inženerçilik ulgamlarynda gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada-da hasabat berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde geçirilmeginiň geljekki bol hasylyň esasy bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany häkimlere şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekilen ýerlerde ideg işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerinde geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegi, pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamanyň berjaý edilmegi babatda häkimlere birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra wise-premýer A.Ýazmyradow ýurduň welaýatlarynda ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda aýdylyşy ýaly, häzirki wagtda ýurduň gowaça meýdanlarynyň gögeriş alnan ýerlerinde hatarara bejergi, ýekelemek we otag işleri geçirilýär.Gowaça ideg etmekde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny netijeli işletmek, ideg işlerini bellenen agrotehniki möhletlerde ýokary hilli geçirmek boýunça zerur tagallalar edilýär.

Döwlet Baştutanynyň degişli Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, şu günler gallaçy daýhanlar tarapyndan bugdaý ekilen ýerlerde agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ideg işleri alnyp barylýar.Bular bilen bir hatarda, galla oragyna taýýarlyk görmek, onda işledilmegi göz öňünde tutulýan kombaýnlary, awtoulaglary we galla kabul ediş nokatlaryny möwsüme taýýar etmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär.

Wise-premýer ýurtda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja önümleriniň möçberlerini artdyrmak hem-de bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek maksadynda häzirki wagtda welaýatlaryň ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleriniň dowam edýändigi barada hem aýtdy.

Pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek, bellenilen meýilnamany doly berjaý etmek boýunça degişli işleriň ýerine ýetirilýändigi barada hem aýdyldy.

Şeýle-de wise-premýer ýurduň ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek, suw serişdelerini netijeli ulanmak maksady bilen, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň Türkmensuwylmytaslama instituty tarapyndan ekerançylyk meýdanlarynda suwaryş ýaplaryny bellenilen kadalara laýyklykda ulanmak üçin taslama işleriniň alnyp barylýandygy hakynda aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de gowaça, bugdaý, ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegini, pile öndürmek boýunça meýilnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany wise-premýer A.Ýazmyradowa hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurduň oba hojalygy pudagynyň öňünde möhüm wezipeleriň durýandygyny belledi we häzirki wagtda ekin meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýokary hilli, agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, bellenen möhletlerde geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak, şeýle-de degişli maksatnamalara laýyklykda, welaýatlarda meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda görkezmeleri berdi.

Iş maslahatynyň barşynda oňa gatnaşanlar Prezident Serdar Berdimuhamedowy Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanda gowaça ekişi tamamlandy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi