Türkmenistanda gowaça ekişi tamamlandy

Türkmenistanda gowaça ekişi tamamlandy

Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň şu gün sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň barşynda aýdyldy.

Iş maslahatynda häkimler häzirki wagtda welaýatlarda gowaça ekişiniň tamamlanyp, gögeriş alnan meýdanlarda ideg işleriniň, hususan-da, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleriniň geçirilýändigi, şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýandygy barada hasabat berdiler.

Wise-premýer A.Ýazmyradow hem hasabatynda, döwlet Baştutanynyň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurduň pagtaçy daýhanlarynyň mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen ýeňillikli bahalardan üpjün edilýändigi, oba hojalyk pudagy üçin döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň yzygiderli satyn alynýandygy barada belledi. Şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedowyň oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, ýurduň daýhanlarynyň gowaça ekişini üstünlikli tamamlandyklaryny habar berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, bu işler bilen bir hatarda, ýurduň welaýatlarynyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri, hususan-da, ekine ösüş suwuny tutmak we ony mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, zyýankeşleriň garşysyna bioönümleri ulanmak, bugdaýyň keselleriniň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça çäreler geçirilýär. Ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri alnyp barylýar.

Pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýurduň welaýatlarynda pile öndürijiler tarapyndan degişli ideg işleri dowam etdirilýär.Häzirki wagtda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda idedilýän ýüpek gurçuklary pile sarymyna durdular.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bökdençsiz we guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de gowaça, bugdaý, ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen ýerlerde degişli ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegi, pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilmegi, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagynyň gözegçilikde saklanylmagy babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk işleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi