Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi

Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri ekin meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär, hususan-da, ekine ösüş suwuny tutmak we ony mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle hem şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegi ugrunda degişli çäreler görülýär. Ýeralma, sogana hem-de beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar, ýüpek gurçugyna talabalaýyk ideg edilýär.

Pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany doly berjaý etmek üçin zerur çäreler görülýär.

Degişli hasabatda Balkan welaýatynda gowaça ekişiniň tamamlanandygy barada aýdyldy.

Häkimler şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky we binalardaky ýerine ýetirilýän gurluşyk işleri barada hasabat berdiler.

Mundan başga-da, häkimler welaýatlarda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly geçirmek boýunça zerur taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada habar berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işlerine jogapkärli, toplumlaýyn we guramaçylykly çemeleşmegiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Şeýle-de gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň berk gözegçilikde saklanylmagy, pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilmegi babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamak babatda häkimlere anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle hem häkimlere Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli welaýatlarda geçiriljek dabaraly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda birnäçe görkezmeler berildi.

Soňra wise-premýer A.Ýazmyradow ýurduň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurduň welaýatlarynda gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça degişli işler dowam etdirilýär.Gowaça ekişi geçiriljek meýdanlara tagt suwy, ekiş geçirilen meýdanlara bolsa gögeriş suwy tutulýar.

Gowaça ekişinde tehnikalary we gurallary doly güýjünde işletmek boýunça zerur guramaçylyk işleri alnyp barylýar.Bu işler bilen bir hatarda, gallaçy daýhanlar tarapyndan ýurduň welaýatlarynda ýokary hasyl ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý meýdanlarynda ekine ösüş suwuny tutmak we ony mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak çäreleri geçirilýär.

Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde, ozal berlen tabşyryklara laýyklykda, ýurtda ýeralmanyň we gök-bakja önümleriniň öndürilişini artdyrmak arkaly ilaty bu önümler bilen elýeterli bahalardan üpjün etmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy, häzirki wagtda ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinler ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleriniň geçirilýändigi, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bellenen meýilnama laýyklykda şu hepdäniň dowamynda geçiriljek dabaraly çäreleri ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny barada hem aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegine jogapkärçilikli we toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutany wise-premýere gowaça ekişiniň, bugdaýa, ýazlyk ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer A.Ýazmyradowa hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň, ekin meýdanlarynda zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilýän işleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk işleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanda gowaça ekişi tamamlandy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi