Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanda bolan otly heläkçiligi zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanda bolan otly heläkçiligi zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň Prezidenti Draupadi Murmuwa we Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Odişa ştatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly otly heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.

RIA agentliginiň habaryna görä, üç otly ýagny, iki sany ýolagçy otlusy we bir sany ýük otlusy anna güni agşam Hindistanyň Balasor şäheriniň golaýynda çaknyşdy. Otly heläkçiligi zerarly 288 adam wepat boldy we adamlaryň 900-den gowragy ýaralandy.

Hindistanyň NDTV teleýaýlymynyň göni ýaýlymynda ýurduň Demir ýol ministri Aşwini Waýşnaw Hindistanyň Odişa ştatynda üç otlynyň çaknyşmagynyň sebäbiniň elektron bloklaýyş ulgamynyň näsazlygy bolandygyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Hindistanda şu gün Parlament saýlawlary başlanýar
Bill Geýts emeli aňyň synjakdygyny çaklaýar
Hindistanda Tupan Sebäpli 5 Adam Ýogaldy
Hindistandaky tebigy apatlarda 5 adam ýogaldy
Rişi Sunagyň gaýyn enesi Hindistanyň Parlamentiniň ýokary palatasyna deputatlyga hödürlendi
Eýran bilen Hindistan ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar