Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Düýn 5-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.

Häkimler welaýatlarda ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabatlary berdiler.Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş, çil çekmek işleri alnyp barylýar.

Ekişde ulanyljak ähli oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlap, möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär.Pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk çigitleri taýýarlamak we talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň tohumlaryny, olaryň ekiljek meýdanlaryny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, öňümizdäki jogapkärli ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň, hususan-da, ekiş geçiriljek meýdanlaryň, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň möwsüme doly taýýar edilmegini, gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatlarda medeni-durmuş maksatly binalardaky ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini tabşyrdy
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi