ТУРКМЕНИСТАН И РЕСПУБЛИКА КОРЕЯ РАЗВИВАЮТ МЕЖПАРЛАМЕНТСКОЕ ВЗАИМОДЕЙСТВИЕ

ТУРКМЕНИСТАН И РЕСПУБЛИКА КОРЕЯ РАЗВИВАЮТ МЕЖПАРЛАМЕНТСКОЕ ВЗАИМОДЕЙСТВИЕ

Şu gün, 2022-nji ýylyň 28-nji noýabrynda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynda resmi saparda bolmagynyň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýon bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda netijeli türkmen-koreý gatnaşyklaryny okgunly ösdürmekde parlament diplomatiýasynyň eýeleýän möhüm orny nygtaldy. Iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek, şeýle-de bilelikdäki çäreleri guramak arkaly tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns çekildi.

Taraplaryň pikirine görä, hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam bermelidir.

Duşuşyk tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda meşhur BTS toparynyň wideokonserti geçiriler
Seulda The Korea Times neşiriniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
Merkezi Aziýa Koreýa Respublikasy Parlamentleriniň Başlyklarynyň ikinji mejlisini 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmek teklip ediler
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda akylly şäher gurluşygy boýunça türkmen-koreý ýaşlarynyň forumyny geçirmegi teklip etdi
Türkmenistan koreý hyzmatdaşlarynyň gämi gurluşygy babatdaky tekliplerine gyzyklanma bildirýär
Kim Jin Pýo Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy
Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Koreýanyň Prezidentine suw joşgunlary zerarly gynanç bildirdi