Türkmenistanyň futbol çempionatynyň soňky ýedi möwsümdäki çempiony Altyn asyr täze möwsüme şowsuz başlady. Hatda topar, soňky iki duşuşykdan bäri öz oýunçylarynyň derwezesine pökgi geçirmeginden kösenýär.
2-nji tapgyrda Ahal bilen geçirilen duşuşykda goragçy Mekan Saparow öz derwezesine pökgi geçiren bolsa, 3-nji tapgyrda edil şeýle säwligi hüjümçi Myrat Ýagşyýew goýberdi.
Şeýlelikde, şu möwsümde Altyn asyryň derwezesine geçirilen gollaryň ikisini toparyň öz oýunçylary geçirdi.
Ýeri gelende aýtsak, Ýokary liganyň şu möwsüminde Altyn asyrdan başga öz oýunçylary öz derwezesine pökgi geçiren topar ýok.
