TÝL ― 2023: Köpetdag goňşusyndan minimal hasapda üstün çykyp, ilkinji bäşlige girmäge ýakynlaşdy

TÝL ― 2023: Köpetdag goňşusyndan minimal hasapda üstün çykyp, ilkinji bäşlige girmäge ýakynlaşdy

Aşgabadyň Köpetdag futbol topary ýaryş tertibindäki goňşusy Energetigi minimal hasapda ýeňip, bäşinji orna ýakynlaşdy. Çempionatyň 25-nji tapgyrynyň çägindäki duşuşyk Aşgabat şäherinde geçirilip, ol mundan birnäçe minut ozal Köpetdagyň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Janköýeriň onlaýn tablosynda görkezilýän maglumata görä, duşuşykda ýeňiji toparyň gollaryny 38-nji we 75-nji minutlarda Şamämmet Hydyrow geçirdi. "Energetik" bolsa bu gollara 85-nji minutda Guwanç Berdimyradow bilen bir gezek jogap berip bildi. Bu ýeňiş altynjy basgançakdaky Köpetdagyň utugyny 28-e çykardy. Edil Köpetdag ýaly 23 duşuşyk geçiren, ýöne 17 utuk toplap bilen Energetik ýedinji orunda galdy.

Tapgyrda Arkadag toparynyň hem Ahaly 2:1 hasabynda ýeňendigini ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: Didar Durdyýew bassyr iki ýyl bäri iň netijeli futbolçy boldy
TÝL ― 2023: awtogolçularyň özünden bir topar düzüldi
TÝL ― 2023: 13 günde bäşinji duşuşygyny geçiren Merw Köpetdagdan asgyn geldi
TÝL ― 2023: 14-nji tapgyrdan soň gyzykly hasaplamalar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Arkadag topary möwsümde 10-njy ýeňşini gazandy