“Üç muşketerler” barada täze film surata düşüriler

Aleksandr Dýumanyň dünýä belli eseri “Üç muşketerler” barada ýene bir film surata düşüriler.Ozal hem telim kino surata düşürilen eseriň täze nusgasyna fransiýaly Martin Burbulon režissýorlyk eder.

Iki bölümden “Üç muşketerler: Dartanýan” (The Three Musketeers: D’Artagnan) hem-de Üç muşketerler: Miladi” (The Three Musketeers: Milady) ybarat boljak filmde fransuz kino sungatynyň görnükli wekilleri Ewa Grin, Wensan Kassel, Lui Garrel, Wiki Krips, Fransua Siwil ýaly artistler dürli keşpleri janlandyrarlar.

Fransua Siwil Dartanýanyň, Ewa Grin Miladiniň keşbinde surata düşerler.Iki bölümiň ssenarisini-de Mattiu Delapor bilen Aleksandre de la Patellie ýazar.Filmiň surata düşüriliş işleri tomus aýlarynda Fransiýada alnyp barlar.

Ekran eseriniň geljek ýylda prokata çykarmak meýilleşdirilýär.

The post “Üç muşketerler” barada täze film surata düşüriler appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Forbes dünýäniň iň baý mirasdüşerlerini yglan etdi
Hemmelere elýeterli ulag bolar
“Oskaryň” iki gezek eýesi edebi ogurlykda günäli diýlip ykrar edildi
Odre Azule ÝUNESKO-nyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy
Olimpiýa rekordy bilen başlap, Dünýä rekordy bilen tamamlady, 26 ýyllyk rekord täzelendi
74-nji Kann film festiwaly