UEFA Çempionlar ligasynyň iň ýyndam futbolçylarynyň sanawyny mälim etdi

UEFA Çempionlar ligasynyň iň ýyndam futbolçylarynyň sanawyny mälim etdi

Ýewropa Futbol Assosiasiýalary Bileleşigi (UEFA) Çempionlar ligasynda 2019/20 möwsümiň iň ýyndam oýunçylarynyň atlary görkezilen tehniki hasabaty köpçülige çykardy. Hasabatyň bu bölümini "The Independent" neşiriniň habarçysy Migel Dileýni Twitterde ýerleşdirildi.

Sprinterleriň reýtinginiň başyny Fransiýanyň "Pari Sen-Žermen" klubunyň hüjümçisi Kilian Mbape çekdi.Ol "Bawariýa" bilen geçen oýunda sagatda 33,98 km tizlige ýetdi.Ikinji orny sagatda 33.82 km görkeziji bilen “Leipsig” toparynyň goragçysy Lukas Klostermann eýeleýär, üçünji orunda bolsa sagatda 33,71 km tizlik bilen “Atalanta” toparynyň goragçysy Hans Hatebur ýerleşýär. Şahsy tizlik rekordlarynyň onusyndan ýedisiniň reýtingiň lideri çykyş edýän "PSŽ" toparyna garşy oýunlarda goýlandygyny bellemek gyzykly.

Mbappeniň Ýewropa kubogynyň diňe bir iň ýyndam däl, eýsem, iň gymmat oýunçysydygyny hem ýatlamak isleýäris. 2019/20 möwsüminde Kilian "PSŽ"-niň düzüminde ähli ýaryşlarda 37 gezek çykyş etdi we 30 pökgi geçirip, 19 asist etdi.

Ýene degişli makalalar

17-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
25 ýaşdan kiçi iň baý türgenler
Laureus Messini Ýylyň türgeni diýip yglan etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş güni mynasybetli harby ýörişe gatnaşmak üçin Moskwa bardy, Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberer, Medine Amanowa agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda kümüş medal gazandy we beýleki habarlar
Ýylyň iň köp pul gazanan türgenleriniň sanawynda futbolçylar öňdeligi eýeleýär
PSŽ ýeňe-de ýeňildi, aratapawut azalýar