UEFA ýylyň iň gowy oýunçysyny we tälimçisini yglan etdi

UEFA ýylyň iň gowy oýunçysyny we tälimçisini yglan etdi

Angliýanyň Çelsi klubunyň italiýaly ýarymgoragçysy Jorjinýo Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) tarapyndan ýylyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edildi. Ýeňiji 26-njy awgustda Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekişliginde yglan edildi.

Baýraga esasy dalaşgärleriň hatarynda Jorjinýonyň topardaşy, fransiýaly ýarymgoragçy N'golo Kante, şeýle hem Mançester Sitiniň belgiýaly ýarymgoragçysy Kewin De Bruýne bardy.

Zenanlaryň arasynda ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip ispan Barselonasynyň ýarymgoragçysy Aleksiýa Putelýas yglan edildi.

Jorjinýo 29 ýaşynda, geçen möwsümde ol Çelsiniň düzüminde Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Finalda londonly klub Mançester Sitini (1:0) ýeňdi. Galyberse-de, Italiýanyň düzüminde Jorjinýo Ýewropanyň çempiony boldy. Ýaryşda ol ýedi duşuşyga gatnaşdy we netijeli geçirim ýa-da gol bilen tapawutlanmandy.

Iň gowy derwezeban hökmünde Çelsiniň fransiýaly golkiperi Eduard Mendi, iň gowy goragçy — Mançester Sitiniň portugaliýaly oýunçysy Ruben Diaş saýlandy. Iň gowy ýarymgoragçy — Kante, iň gowy hüjümçi bolsa Dortmundyň Borussiýasynyň norwegiýaly hüjümçisi Erling Holand boldy.

Iň gowy tälimçi baýragy Çelsiniň baş tälimçisi nemes Tomas Tuhele gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

FIFA 2021-nji ýylyň nusgalyk düzümini kesgitledi
2021-nji ýyl üçin Ýewropanyň simwoliki ýygyndysy neşir edildi
“Mançester Siti” bäş-bäşden çempionlyga barýar
ABŞ-da Araky Saýlawlar Geçirildi
Türkmen tennisçileri Dewisiň kubogyndaky ilkinji duşuşygynda Butany ýeňdiler
Italiýanlar ählumumy saýlawlara taýýarlanýar