UFC Wegas 58 söweş agşamy geçirildi

UFC Wegas 58 söweş agşamy geçirildi

Aşgabat wagty bilen şu gün irden geçirilen garyşyk söweş sungatlary boýunça UFC Wegas 58 turniriniň esasy tutluşygynda azerbaýjanly türgen ýeňiş gazandy.Has takygy, Azerbaýjanyň wekili hökmünde bu guramanyň çäklerindäki ilkinji tutluşygyny geçiren Rafael Fiziýew ýeňil agram derejesindäki ozalky çempion braziliýaly Rafael dos Anosa garşy oktagona çykyp, garşydaşyny soňky raundda nokauta sezewar etmek arkaly gapma-garşylygy öz peýdasyna tamamlady.

Bu ýeňiş 29-ýaşly azerbaýjanly türgen üçin UFC-niň çäklerindäki altynjysydyr. Şeýle-de onuň hasabynda promouşendäki debýutynda sezewar bolnan bir ýeňliş bar.Rafael Fiziýew häzirki wagtda UFC-niň ýeňil agramyndaky reýtinginde 10-njy basgançagy eýeleýär.

Şeýle-de UFC Wegas 58 söweş agşamynyň esasy kardyndaky tutluşyklarda Kaýl Borralo Armen Petrosýany, Said Nurmagomedow Duglas Silwa de Andradeni, Maýkl Jonson Jeýms Mallarkini ( hemmesi eminleriň kararyna görä) hem-de Çeýz Şerman Jared Wanderany (üçünji raundda nokaut arkaly) ýeňlişe sezewar etdi. Esasy karddan orun almaly ýene bir tutluşyk — Sintiýa Kalwilýo-Nina Nunýes gapma garşylygy Nunýesiň saglyk ýagdaýy sebäpli geçirilmedi.

Ýene degişli makalalar

Täze ýaryşyň ilkinji çempiony
Toni Fergýusonyň indiki garşydaşy belli boldy
MakGregor bilen Porýe söweşini ýanwarda geçirmegi ylalaşdylar
22-nji oktýabr: ussat derwezeçileriň doglan günleri
“Siettl Ştorm” 4-nji gezek WNBA-nyň çempiony
Sportuň taryhynda şu gün 6-njy oktýabr