Ukraina bilen Russiýanyň arasynda ýesir çalşygy boldy

Ukraina bilen Russiýanyň arasynda ýesir çalşygy boldy

Ukrainanyň Döwlet baştutanynyň ofisiniň başlygy Andriý Ýermak Telegram hasabyndan beren beýanatynda, Russiýa bilen amala aşyrylan ýesir çalşygynda azat edilenleriň arasynda Ukrainanyň Mariupol şäherindäki Azowstal fabriginde, Çernobyl atom bekedinde we Ýylan adasynda söweşen mahaly ýesir alynan esgerleriň bardygyny habar berdi.

Ýermak: "Şu gün 2-si ofiser bolan ukrainaly jemi 50 esgeri ruslaryň ýesirliginden azat etmegiň hötdesinden geldik. Şolaryň 20-si Milli Gwardiýadan, 12-si Harby-deňiz güýçlerinden, 10-y Ukrainanyň Ýaragly güýçlerinden, 6-sy Döwlet serhet goragçylaryndan we 2-si meýletin esgerlerden ybarat" diýip mälim etdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä, Ukraina tarapy bilen geçirilen gepleşikleriň netijesinde 50 rus esger azat edildi.

Esgerlere gerek bolan lukmançylyk we psihologiki goldawyň berilendigi bellenen şol adamlaryň, ministrlige degişli uçarlar bilen paýtagt Moskwa getiriljekdigi aýan edildi.

Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda düýn amala aşyrylan ýesir çalşygynda bolsa 35 rus esger bilen 1-i asuda ilatdan 35-i esger bolan jemi 36 ukrainaly raýat azat edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Mişel Bilen Putin Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Wladimir Zelenskiý Kiýewde metbugat ýygnagyny geçirdi
Ukraina Söweşi
Prezident Erdogan ukrainaly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Mariupol şäherinde 3-nji köpçülikleýin mazar tapyldy
"BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşi Söweşiň Öňüni Alyp Bilmedi"