Ukraina Uçarmansyz Howa Ulaglary Bilen Hüjüm Gurady

Ukraina Uçarmansyz Howa Ulaglary Bilen Hüjüm Gurady

Ukraina, Russiýada paýtagt Moskwanyň golaýyndaky käbir etrapçalara uçarmansyz howa ulagy bilen hüjümler gurady.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, Ukrainanyň düýn gije uçarmansyz howa ulaglary bilen Krasnodar sebiti bilen Adigeýe Awtonomiýasyna hüjüm guramaga synanşandygy nygtaldy.

Russiýanyň ýaragly güýçleri tarapyndan hüjümiň öňüniň alynandygy ýatladyldy.

Beýannamada “İki sany uçarmansyz howa ulagy gözegçiligini ýitirdi. Uçarmansyz howa ulagyndan biri ekin meýdanyna düşdi, beýlekisi hem infstruktura zeper ýetirip bilmedi” diýildi.

Moskwanyň gubernatory Andreý Worobýew, sosial mediadan beren habarnamasynda, Kolumna şäheriniň golaýynda uçarmansyz howa ulagynyň ýere gaçandygyny mälim etdi.

Gubernator Worobýew, “Waka Gubastowo obasynyň golaýynda başdan geçirildi. İnfstruktura zeper ýetirilmek islendi, emma hiç hili ýitgi çekilmedi” diýdi.

Belgorod şäheriniň häkimi Walentin Demidow hem düýn gije uçarmansyz howa ulagynyň şäherde bir binanyň üstüne düşendigini, binanyň ýaşaýjylarynyň howpsuz ýere göçürlendigini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Nahiçewanda Bolan Partlamada 2 Adam Ýogaldy
Prezident Erdogan, Mesrur Barzanini Kabul Etdi
Kapitansyz gämi işe girizildi
Prezident Erdogana Gutlag Telefonlary Gelmäge Dowam Edýär
Goranmak ministri 18-nji Mart Şehitler güni mynasybetli geçirilen çärä gatnaşdy
“ABŞ, Terror Guramasy PKK/ÝPG-ä Dikuçar Tälimini Berdimi?”