Usman Nurmagomedow Bellatoryň reýtinginde birinji ýere çykdy

Usman Nurmagomedow Bellatoryň reýtinginde birinji ýere çykdy

Garyşyk başa-baş söweşiň russiýaly meşhur pälwany Usman Nurmagomedow Bellator-yň ýeňil agram derejesindäki reýtinginde birinji ýere çykdy.

Habib Nurmagomedowyň doganoglanynyň hasabynda 15 professional tutluşykda gazanan 15 ýeňşi bar, Bellator-da bolsa ol dört tutluşygy geçirdi. 23-nji iýula geçilýän gije geçen Bellator 283 turnirinde Usmanyň birinji tapgyrda demikdiriji emeli (gilotini) ulanyp, ABŞ-nyň wekili Kristofer Gonsalesden üstün çykandygyny ýatladýarys. Tutluşykdan soň ol Bellator-yň ýeňil agramdaky häzirki çempiony braziliýaly türgen Patrik Freýräni söweşe çagyrdy.

Ýene degişli makalalar

CZN Burak Gurme restoranynyň Aşgabatdaky şahamçasy Arkaç SDAM-da açylar
Artyk agramy üçin UFC-niň titulyndan mahrum edilen Oliweýra Getjiden üstün çykdy
Habib çempiony adaty söweşijiden tapawutlandyrýan häsiýeti aýtdy
Habib resmi taýdan UFC-niň Şöhrat zalyna girdi
Habib bedeniňi sagdyn saklamak boýunça maslahatlaryny berdi
Habibiň ligasyndaky türkmen türgeni çempionlygy maksat edinýär