VanMoof kompaniýasy dünýäde iň ýokary tizlikli elektrikli welosipedi döretdi

VanMoof kompaniýasy dünýäde iň ýokary tizlikli elektrikli welosipedi döretdi

Niderlandlaryň VanMoof kompaniýasy tizligi sagatda 60 kilometre ýetip bilýän ilkinji elektrikli welosipedi döredendigi hakynda maglumat ýaýratdy. Bu bolsa onuň öňden bar bolan modelleriniň tizligiden has ýokarydyr diýip, 3dnews.ru habar berdi.

Öndürijiniň ozaldan bar bolan modelleriniň iň ýokary tizligi - Ýewropada sagatda 25 kilometr, ABŞ-da bolsa 20 mil/s. Täze önümiň käbir aýratynlyklary köp ýurtlaryň kanunlaryna asla laýyk gelmeýär.

VanMoof V elektrikli welosiped bolup, onda ulanyjy hem pedal arkaly ulaga kömek edip bilýär.Ulagyň aýratynlyklary kanun çykaryjylary we şäher gurluşygyna jogapkär emeldarlary şäher infrastrukturasyny gurmagyň ýörelgelerine täzeden garamaga mejbur edip biler, sebäbi bu model jemgyýetçilik ýollarynda-da, pyýada ýollarynda-da, iň bolmanda, sürüjiniň özi üçin howply bolar. Şeýle-de bolsa, has ýokary netijeliligi we ykjamlygy sebäpli onuň geljegi uly hasaplanýar.

Bu V modeli iki tigiri hem aýratyn elektrik hereketlendirijileri bilen hereket edýär we 700 Wt/s batareýa bilen işleýär. Bu energiýa ätiýaçlygy uzak welosipedli gezelençleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem onuň “Turbo Boost” düwmesi, ogurlykdan goramak üçin açarsyz gulp ulgamy ýaly aýratynlyklary bar.

Ýene degişli makalalar

“Ton Tik” eksport hyzmatdaşlygyna çagyrýar
Ýewropada awtoulag satuwy artdy
Ford awtoulagyň öwrüm radiusyny kiçeldýän täze özboluşly usuly işläp taýýarlady
Xiaomi Hello Kitty äheňinde smartfon çykarar
Reuters: ABŞ-da dünýäde iň gymmat derman serişdesi ulanmak üçin tassyklandy
Hennessey dünýäde iň ýyndam we kuwwatly rodster bilen tanyşdyrdy
Samsung täze Galazy Z Flip 4 smartfonyny bildiriş etdi