Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Aşgabat” seýilgähinde “Waspyň dillerimizde sena Aşgabat” atly söhbetdeşlik geçirdi.Seýilbaglar, meýdançalar we seýilgähler türkmen paýtagtynyň özboluşly keşbini emele getirýär.Oňa ýaşyl öwüşgün berýär we açyk landşaftlary janlandyrýar. Şeýle ýaşyl infrastruktranyň bolmagy türkmen paýtagtyndaky haýsy seýilgähe baranyňda hem aýdyň görünýär. Şäherde mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, ýokary amatlyklary bolan ýaşaşyş jaýlarynyň sport hem-de durmuş ähmiýetli beýleki desgalaryň gurluşygy işjeň dowam edýär.
Paýtagtymyzyň häzirkizaman keşbiniň kemala gelmeginde ýerleriň abadançylygyna we bag ekilişine aýratyn üns berilýär.Ine söhbetdeşligiň dowamynda şular dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi.Söhbetdeşligiň ahyrynda gözel paýtagtymyzy ylalaşdyryjy merkez hökmünde at-abraýyny has-da artdyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar beýan edildi.
