Wenger Fergusonyň rekordyny täzeledi

* Angliýanyň çempionatynda tapgyryň merkezi duşuşygy Londonda geçirildi.Paýtagt derbisinde “Arsenal” bilen “Çelsi” 22 hasabynda deňlikde oýnady. Örän çekeleşikli geçen oýunda “Arsenal” 90+2-nji minutda hasaby deňläp, ýeňlişden halas boldy.

Topuň birnäçe gezek sütüne degip, yzyna gaýdan duşuşygy 21 ýyldan gowrak wagt bäri “Arsenala” tälim berýän Arsen Wengeriň “Premier ligadaky” 812-nji oýny diýlip, hasaba alyndy. Şeýlelikde, mundan öňki tapgyrda bu ugurda rekord goýan Arsen Wenger “Premier ligada” iň köp duşuşyga gatnaşan tälimçi boldy.

Ondan öňki rekord 810 duşuşyk bilen rowaýaty Ser Aleks Fergusona degişlidi.* Mundan öňki tapgyrda sanawyň lideri “Mançester Siti” myhmançylykda “Kristal Palas” bilen 00 hasabynda deňme-deň oýnady.Duşuşykda ýer eýelerine hasaby açmak mümkinçiligi bolsa-da, 90+2-nji minutda Luka Miliwoýewiç penaltini dürs urup bilmedi. Ýeňilmezekligini dowam etdirýän “Mançester Siti” topary şol duşuşyga çenli 18 oýunda yzly-yzyna ýeňiş gazanyp gelýärdi.* Bassyr 3 deňlikden soň, “Mançester Ýunaýted” 22-nji tapgyrda myhmançylykda “Ewertondan” 20 hasabynda üstün çykdy. “Ýunaýtediň” gollaryny Marsial bilen Lingard derwezä girizdi.

Ýene degişli makalalar

Ortaça iň köp gol geçirilen çempionat (Dünýä Kubogy 1954)
Ýewropa ligasynda 4 çärýek finalçy belli boldy
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
"Mançester Ýunaýted" "Sautgemptonyň" derwezesine dokuz sany jogapsyz pökgi geçirdi
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
Belentden ýaňlanan owazlar