Angliýanyň premýer-ligasynda çykyş edýän Wulwerhempton kluby öz taryhyndaky iň gymmat transferi amala aşyrdy. Topar şu gün Portugaliýanyň Sportinginden Mateuş Nuneşiň satyn alnandygyny mälim etdi.
Klubyň resmi saýtynda berlen habara görä, portugaliýaly 23 ýaşly ýarymgoragçy Wulwerhempton bilen 2027-nji ýyla çenli niýetlenen şertnama gol çekişipdir. Şeýle-de toparda şertnamany awtomatiki ýagdaýda ýene bir ýyl uzaltmak mümkinçiligi bar.
Iňlis sport neşirleri Mateuşyň transferiniň Wulwerhempton üçin 45 million ýewro düşendigini ýazýarlar.Mundan başga-da Sporting bu transferden ýene 5 million ýewro goşmaça töleg hem gazanyp biler.Bu mukdar iňlis toparynyň taryhynda bir oýunçynyň transferi üçin sarp edilen puluň rekord görkezijisidir. Ýene bir gyzykly tarapy, Nuneş Mateuş Wulwerhemptonyň häzirki düzümindäki 11-nji portugaliýaly oýunçydyr. Ýeri gelende bellesek, Mateuşy öz düzümine goşmaga Liwerpul hem-de Mançester Siti toparlary hem içgin gyzyklanma bildiripdiler.
Maglumat üçin, Nuneş Mateuş Sportingiň düzüminde şu möwsümde 1 gol urup, 1 gezek golly pas geçiripdi.