Ýakynda Gündogar Ýurtlaryň Arasyndaky Dartgynlyk Azalýar

Ýakynda Gündogar  Ýurtlaryň Arasyndaky Dartgynlyk Azalýar

Ýakynda Gündogarda ýerleşýän ýurtlaryň arasyndaky dartgynlygyň ýuwaş-ýuwaşdan azalýandygyny görýäris. Birleşen Arap Emirlikleriniň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Zaýediň Türkiýede saparda bolmagy we Prezident Erdogan bilen duşuşmagy täze etabyň esasy başlangyçlaryndan biri boldy. Türkiýe bilen Saud Arabystanynyň we Müsüriň arasyndaky gepleşikler hem dowam edýär. Birleşen Ararap Emirlikleri bilen Eýran hem özara gatnaşyklarynyň kadalaşmagy üçin tagalla edýär.

SETA-nyň Daşary syýasatyny öwreniji alymy Jan Ajunyň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Zaýediň Ankarada saparda bolmagy, Prezident R.T.Erdogan bilen duşuşmagy we saparyň çäginde birnäçe şertnamanyň baglaşylmagy we hatda 10 milliard dollarlyk maýa goýumyň goýuljakdygynyň beýan edilmegi Ýakyn Gündogardaky täze deňagramlylyk garaýşy taýdan diýseň möhüm.

Soňky aýlarda sebitara aktýorlar çaknyşygyň ýerine gepleşige we ylalaşyga uly ähmiýet berýär.Birleşen Arap Emirlikleri diňe Türkiýe bilen däl eýsem Eýran bilen edýän gatnaşyklaryny hem kadalaşdyrmak üçin tagalla edýär.

Edil şonuň ýaly Türkiýe hem Saud Arabystany, Müsür we Ysraýyl bilen edýän gatnaşyklarynyň kadalaşmagyny isleýär.

Sebitde ýagdaýyň üýtgemegine eýsem näme sebäp bolduka?

Ilkinji nobatda Jo Baýdeniň ABŞ-nyň Prezidentligine saýlanmagy bilen täze döwrüň başlamagy we ABŞ-nyň sebit ýurtlary boýunça alyp barýan syýasaty bu meselede esasy rol oýnady.ABŞ, Birleşen Arap Emirliklerine we Saud Arabystanyna ozalkysy ýaly şertsiz goldaw bermeýär.

Hatda Owganystanda başdan geçirlen wakalar we ABŞ-nyň ýuwaş-ýuwaşdan Ýakyn Gündogardan esgerlerini yzyna çekmäge başlamagy ýokarda ady agzalýan ýurtlary aladalandyrmaga başlady. Şol sebäpli hem Türkiýe we Eýran ýaly ýurtlara garşy bolan tutumlar ýumşamaga başlady.

Sebitara çaknyşyklarda we wekilçilik söweşlerinde hiçbir ýurduň ýeňiş gazanyp bilmejekdigine göz ýetirilmegi hem bu meselede esasy rol oýnaýar. Sebitde ýerleşýän ýurtlar Türkiýäni görelde alarlyk ýurt hökmünde görýär.

Elbetde sebitde oňyn özgerlişikler başdan geçirilýär. Emma Ýakyn Gündogarda yzygiderli parahatçylygyň üpjün edilendigini aýtmak üçin heniz ir. Siriýada, Ýemende we Liwiýada çaknyşyklar henizem dowam edýär.

SETA-nyň daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň Ýakyn Gündogar ýurtlarynda başdan geçirilýän oňyn özgerlişikler hakyndaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.

Ýene degişli makalalar

Türk Howpsuzlyk Gullugynyň Transformasiýasy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň “KazanForum 2024” forumyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan çäre
Dünýäniň iň gymmat şäherleri
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Muhammed Tekaleni kabul etdi
Prezident Erdogan Liwiýanyň Premýer ministrini kabul etdi