Ýaňlan, Diýarym! 2022 telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Ýaňlan, Diýarym!  2022 telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Şu gün Aşgabat aýdym-saz merkezinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen Ýaňlan, Diýarym! 2022 telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi, ol her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde guralýar. Şu ýyl bu aýdym-saz bäsleşiginiň döredilmegine 30 ýyl doldy.

Zehinli aýdymçylaryň döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, ýurduň ähli welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan guraldy.

Telebäsleşigiň jemi üç tapgyryna aýdymçylaryň müňe golaýy gatnaşdy. Onuň şertlerine laýyklykda, emin agzalarynyň garamagyna dürli aýdymlar hödürlenildi. Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýaş zehinleriň ýerine ýetirmeginde halk aýdymlary we dürli awtorlaryň döreden aýdymlary, nusgawy eserler ýaňlandy. Emin agzalary olara aýdym aýtmak, ýerine ýetirijilik ussatlygy we özboluşlylygy, şeýle hem artistçilik ukyplary boýunça baha berdiler.

Netijede, iň gowy ýaş aýdymçylaryň 6-sy Ýaňlan, Diýarym! 2022 telebäsleşiginde öňe saýlanmagy başardylar. Olar bäsleşikde ýokary ussatlyk görkezip, aýratyn tapawutlanandyklary üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Ýaňlan, Diýarym! 2022 telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen, şeýle-de ýeňijiniň Diplomy bilen sylaglanyldy.

Bäsleşigiň ýeňijileri:

Ýene degişli makalalar

Doganlyk halklaryň dostluk festiwaly
Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň Aşgabat şäheri boýunça jemleýji tapgyry geçirildi.
Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi.
Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi
BAGŞYNYŇ GYJAKÇY OGLY