Ýaponiýanyň Epsilon raketasy orbita çykyp bilmedi we ýok edildi

Ýaponiýanyň Epsilon raketasy orbita çykyp bilmedi we ýok edildi

Ýaponiýanyň Aerokosmiki gözlegler agentligi (JAXA) çarşenbe güni uçurylan bortunda sekiz hemra bolan Epsilon raketa göterijisini uzak aralykdan ýok etmeli boldy. Bu barada JAXA-nyň wekili aýtdy diýip, TASS habar berýär.

Utinoura kosmodromyndan uçurylyşyň ýaýlymy bes edildi, onuň ýazgysy bolsa agentligiň YouTube-daky resmi kanalyndan aýryldy.Resmi taýdan raketany ýok etmegiň sebäpleri barada heniz habar berilmedi.Epsilon sekiz hemrany, şol sanda innowasion tehnologiýalar synagdan geçirilende ulanylmaly 110 kg agramly RAISE-3 enjamyny orbita çykarmalydy. 2013-nji ýyldan bäri JAXA bäş gezek Epsilon-yň üstünlikli uçurylyşyny amala aşyrdy, bu şeýle görnüşli ýapon göterijisiniň ilkinji şowsuzlygydyr.

Epsilon seriýasynyň gaty ýangyçda işleýän üç basgançakly raketasy JAXA tarapyndan IHI awiagurluşyk korporasiýasy bilen bilelikde işlenip düzüldi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy, Serdar Berdimuhamedow Marten Buig bilen duşuşyk geçirdi, Türkmenistanyň Mejlisine deputatlarynyň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek çäresi başlandy
Dört astronawt Halkara kosmos bekedine iberildi
Pakistan TOPH taslamasynyň ilerledilmegini goldaýar
Golden Boy 2023-iň ýeňijisi mälim edildi
Türkmenistanda Tatarystanyň medeniýet günleri we V Wena baly geçiriler, Aşgabat we Daşkent kiberhowpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar, Ahalyň AFK Çempionlar ligasyndaky şowsuzlygy we beýleki habarlar
Al-Aýn — Ahal oýnuna kuweýtli referi eminlik eder
Pakistan Türkmenistan bilen medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär