Ýelizaweta II 12-nji gezek garry ene boldy

Ýelizaweta II 12-nji gezek garry ene boldy

Beýik Britaniýanyň Şa aýaly Ýelizaweta II 12-nji gezek garry ene boldy. Onuň agtygy şa gyzy Beatrisa Ýorkskaýa gyz perzent dünýä indirdi diýip, TASS habar berýär.

Duşenbe güni şa maşgalasynyň saýtynda ýerleşdirilen resmi habarda aýdylyşyna görä, monarhyň ikinji ogly şazada Endrýunyň gyzy bolan şa gyzy Beatrisa hem-de onuň ýoldaşy Edoardo Mapelli-Mossi “18-nji sentýabrda, şenbe güni Londondaky Çelsi we Westminster hassahanasynda gyz perzentleriniň dünýä inendigini habar bermäge şat”. Çaganyň agramy 2,77 kg boldy.

Ýelizaweta II 4-nji iýunda agtygy şazada Garri bilen onuň aýaly Megan Marklyň Lilibet Diana atly gyzy bolanda on birinji gezek garry ene bolupdy.

33 ýaşly Beatrisa 2020-nji ýylyň iýul aýynda Italiýanyň dworýan maşgalasynyň 37 ýaşly nesli Mapelli-Mossi bilen durmuş gurdy. Baýramçylyk dabarasy geçen ýyl Ýelizaweta II-niň hut özüniň gatnaşan az sanly çäreleriniň biri boldy. Toý sosial araçäk düzgünlerini berk berjaý etmek bilen Windzor galasynyň çäginde geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Şazada Garri bilen Megan Marklyň gyzy dünýä indi
Britaniýalylar Patyşa maşgalasynyň iň ýakymly agzasyny agzadylar
Karl III telewideniýe arkaly halka ýüzlendi
Beýik Britaniýanyň Şa zenany barada kitaplar
Täç geýdiriş dabarasy geçiriler
Karl III şekillendirilen şaýylyklar hödürlendi