Ýelizaweta II koronawirusa garşy sanjymy döredijileri sylaglady

Ýelizaweta II koronawirusa garşy sanjymy döredijileri sylaglady

Beýik Britaniýanyň şa zenany Ýelizaweta II AstraZeneca sanjymyny döredijileri sylaglady. “Ýewropeýskaýa prawda” web-saýtynyň britan hökümetiniň saýtyna salgylanyp habar bermegine görä, sylaglama dabarasy şa zenanynyň doglan gününde geçirildi.

Aýratyn-da, rysar tituly AstraZeneca sanjymyny döretmäge gatnaşan Oksford uniwersitetiniň professory Endrýu Pollarda berildi. Şeýle-de, iki aýal sylaglandy: Oksford uniwersitetiniň professory Sara Gilbert we COVID-19-a garşy sanjym boýunça iş toparynyň başlygy Keýt Bingem. Olar kawaler hanymlar adyny aldylar.

Şa zenanynyň doglan gününde jemi 1129 adam dürli baýraklar bilen sylaglandy. Bellenilişi ýaly, sylaglananlaryň 23%-i koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde saglygy goraýyş pudagyna haýyr-sahawat kömegini bermekden başlap, möhüm infrastruktura goldaw bermekde alyp barýan işleri üçin baýrak aldylar. Häzirki sylaglama etniki köpdürlüligi nukdaýnazaryndan rekord bolup durýar, sylaglananlaryň 15%-i milli azlyklaryň wekili.

Ýene degişli makalalar

Alymlar: internet adamyň aňyna zyýan ýetirmeýär
Sanjym almak höweslendirilýär: towuk paýlaýanam bar, maşyn berýänem
Şazada Garri bilen Megan Marklyň gyzy dünýä indi
Ýaponlaryň 60%-i Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň geçirilmegine garşy çykýar
Türkmenistanyň Prezidenti we halkara kompaniýalar maýa goýum meselesine garadylar
Iri kompaniýalar türkmen ykdysadyýetine maýa goýmak üçin konsorsiuma birleşerler