Ýeňlişsiz 30 oýun, 11 oýunda 32 gol

/* custom css */ .td_uid_19_60d081785ff9c_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60d081785ff9c_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575553 Ýewropa çempionatynda toparçalaryň 2-nji aýlawy tamamlanyp, 3-nji aýlawyna-da badalga berildi. “A” toparçada Italiýanyň ýygyndysy Uelsi Matteo Pessinanyň 39-njy minutdaky ýeke-täk goly bilen 1-0 ýeňip, ýeňlişsiz, gol geçirtmezden, 1/8 finala toparçasayndan birinji bolup çykdy. Şeýlelikde, Italiýanyň ýygyndysy bassyr 30-njy duşuşygynda ýeňlişsiz tamamlap, 11-nji oýnunda-da gol geçirtmezden ýeňiş gazanmagy başardy (32-0).

Italiýanyň ýygyndysy 30 oýunlap ýeňlişsiz dowam edip, bu ugurda öz rekordyny gaýtalady.Italýanlar 1930-njy ýyllarda iki gezek Dünýä Kubogyny gazandyran Wittorio Pozzonyň tälimçiliginde yzly-yzyna 30 oýunda ýeňilmändi.

Italiýanyň ýygyndysy Ýewropa çempionatlarynda 3 oýunda-da gol geçirtmezden ýeňiş gazanyp, nobatdaky tapgyra çykan ilkinji topar boldy.Toparçada utulandygyna garamazdan Uelsiň ýygyndysy 2-nji ýeri eýeläp, 1/8 finala ýollanma almagy başardy.

Ýene degişli makalalar

Ýewro-2020: Italiýa Uelsi, Şweýsariýa Türkiýäni ýeňdi
EURO 2024-iň pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi
Türkiýäniň ýygyndysy yzly-yzyna 3-nji gezek Ýewropa çempionatyna gatnaşar
64 ýyldan soň 2-nji gezek gatnaşýan Uelsiň ýygyndysy
Azmun şikeslidigine garamazdan, Eýranyň dünýä çempionatynda gatnaşjak düzüminden orun aldy
Çempionata jemi näçe futbolçy gatnaşýar, iň köp haýsy ýurduň klublary wekilçilik edýär?