Ýewro-2020: Italiýa Uelsi, Şweýsariýa Türkiýäni ýeňdi

Ýewro-2020: Italiýa Uelsi, Şweýsariýa Türkiýäni ýeňdi

Ýewro-2020-niň üçünji tapgyrynda Italiýanyň milli ýygyndysy Rimde Uelsiň milli ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň 39-njy minudynda Matteo Pesina ýeke-täk pökgini tora girizdi. Uels 55-nji minutda Itan Ampad oýundan çykarylandan soň, duşuşygy on bolup dowam etdi.

Ugurdaş duşuşykda Bakuda Şweýsariýa Türkiýäni 3:1 hasap bilen ýeňdi.Duşuşykda şweýsariýaly ýarymgoragçy Jerdan Şakiri dubl etdi. Ýene-de bir pökgini Haris Seferowiç geçirdi.Türkiýäniň düzüminde ýeke-täk goly Irfan Kahwetji geçirdi. Şeýlelikde, A toparda Italiýa 9 utuk toplap, birinji orundan pleý-off-a çykdy.

Ikinji orunda has gowy gol tapawudy bilen Uels (4 utuk) ýerleşdi.Türkiýe nol utuk bilen dördünji orunda galdy.Türkiýe ýaryşdan gaýtdy. Şweýsariýa 3-nji ýerden 1/8 finala çykmak mümkinçiligini saklaýar, ýöne hemme zat beýleki toparlaryň netijelerine bagly bolar.

Toparlaýyn tapgyr tamamlanandan soň, her kwartetden iň gowy iki topar, şeýle hem üçünji orny eýelän iň gowy dört topar 1/8 finala çykar.Pleý-off tapgyryna gatnaşyjylardan eýýäm 4-si mälim — Italiýa, Belgiýa, Niderlandlar we Uels.

Ýene degişli makalalar

EURO 2024-iň pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi
Diananyň köýnegi “Sotheby’s” auksionyna çykaryldy
Diananyň dakynan göwheri auksiona çykdy
Angliýada we Uelsde hristianlaryň ilatyň düzümindäki paýy azaldy
Eýranyň ýygyndysyna 1 utuk hem ýeterlikdi
DÇ-2022: Ekwador Niderlandlar bilen, Angliýa ABŞ bilen deň oýnady