Çempionata jemi näçe futbolçy gatnaşýar, iň köp haýsy ýurduň klublary wekilçilik edýär?

Çempionata jemi 831 futbolçy gatnaşyp, olar 250 kluba wekilçilik edýär.Gatnaşýan futbolçylaryň köpüsi iňlis klublarynda çykyş edýän oýunçylar bolup, Angliýanyň 35 klubundan jemi 163 (5-si Uelsiň klublarynyň futbolçysy) futbolçy Katara çagyryldy.

Ispan klublary 87 futbolçy bilen 2-nji ýeri eýelese, nemes klublarynyň futbolçylary 79 wekiliýet bilen 3-nji orunda barýar.Milli ýygyndysy gatnaşmaýn italýan klublaryndan 68 futbolçy Katarda çykyş eder.

Klub sany boýunça Angliýadan soň 2-nji ýerde barýan fransuzlaryň 21 klubundan 58, Saud Arabystanynyň klublaryndan 35, ABŞ-nyň çempionatyndaky klublardan 36 (10-sy Kanadanyň klublaryna degişli, ýöne ABŞ-nyň çempionatynda çykyş edýär), ýer eýeleri Kataryň klublaryndan 33, Belgiýanyň klublaryndan 24, Meksikanyň klublaryndan 23, niderland, portugal, türk klublaryndan 19, Kosta Rikanyň klublaryndan 17 futbolçy gatnaşýar.

Koreý klublarynyň 14, grek, şotland klublarynyň 13, ýapon klublarynyň 10 futbolçysy Katarda çykyş eder.Kamerunyň, Hytaýyň, Kipriň, Müsüriň, Gananyň Kuweýtiň, Russiýanyň klublaryndan 2, Kolumbiýanyň, Wengriýanyň hem-de BAE-niň klublaryndan 1 futbolçynyň adyna duş gelmek bolýar.

Ýene degişli makalalar

Legionersiz ýygyndylar, diňe legionerlerden düzülen ýygyndy (Katar 2022 barada gyzykly maglumatlar)
“La Liga” “Llanfairpwllgwyngyllgogerychwyndrobwllllantysiliogogogoch” klubuna hemaýatkärlik eder
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
EURO 2024-iň pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi
64 ýyldan soň 2-nji gezek gatnaşýan Uelsiň ýygyndysy
Azmun şikeslidigine garamazdan, Eýranyň dünýä çempionatynda gatnaşjak düzüminden orun aldy