Ýerasty gowaklarda gyzgyn suw saklanar

Şwesiýanyň Westeros şäheriniň aşagyndaky giň gowaklarda gyzgyn suw saklanyp, jaýlaryň ýyladylmagy üçin peýdalanylar. Ýurduň Malarenergi energiýa öndüriji kompaniýasy 2021-nji ýylda ýerasty gowaklara suw goýberilip başlanandygyny we bu suwuň gyzdyrylyp, şäheriň merkezi ýyladyş ulgamynda ulanyljakdygyny mälim etdi.

Taslamanyň ýolbaşçysy Riçard Swensson ýerasty gowaklarda 300 müň kubmetr suwuň her ýylda 10-12 gezek gyzdyrylyp, şäherdäki jaýlaryň 98 göterimine geçirilen merkezi ýyladyjy ulgama iberiljekdigini aýtdy.Taslamanyň geljek ýylyň aprel aýynda taýýar boljakdygy, suwuň energiýa beketlerinde gyzdyryljakdygy habar berildi.

Bu suw jaýlaryň sowadylmagy üçin hem peýdalanylar.Suwy sowatmak üçin golaýdaky Melaren kölünden peýdalanylar.Suwuň ýerasty gowakda saklanmagy ýylatmak we sowatmak üçin sarp edilýän energiýany tygşytlamaga ýardam eder.

Sahawat GARRYJAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

50 ýyldan soň gatnaşyp, ýeňiş gazandy
8-nji mart agşamy görmek üçin iň gowy filmler maslahat berildi
Bukingem köşgi Ýelizaweta II saglygynyň ýaramazlaşandygyny habar berdi
Türkmen dzýudoçylar Ýewropada 2 altyn medal gazandy
Türkiýe Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn wiza düzgünini girizer, Aşgabatda döwrebap zeýkeş ulgamy dörediler, Ahal welaýatynda hususyýetçileriň täze senagat zolagy dörediler
Türkmenistanly türgenler Ýewropa oýunlarynda iki sany altyn medal aldy