
16-17-nji noýabrda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde guramanyň demokratik gurluşlar we adam hukuklary edarasy bilen birlikde türmelerdäki bendileriň hukuklary barada seminar geçirdi.
Guramalaryň berýän habarynda görä, ÝHHG/DGAHE-niň Warşawadaky edarasyndan bilermen Laura Jeffri we halkara türme reformalary boýunça bilermen Oliwiýa Roup dagy halkara ölçegleri hödürläp, esasy ünsi zenan-tussaglara ýüzlenmek meselesine çekdiler.
Bilermenler Gazagystanly Žanna Nazarowa we Maýa Tülendeýewa, Moldowaly Wiktor Zahariýa we Gyrgysystanly Ruslan Romanow dagy synagly azatlyk ulgamyny ösdürmek babatda milli tejribelerini paýlaşdylar we bendileriň tussaghanalardaky kanuny hak-hukuklaryny, howpsuzlygyny hem türme işgärleri taýýarlamagy maslahatlaşdylar.
Bu duşuşyk Milli Geňeşiň aşaky öýi Mejlisiň, Adalat ministliginiň, Baş prokuraturanyň, IIM-niň,MHM-niň, Döwlet serhet we migrasiýa gulluklarynyň, Ýokary Sudyň, Ombudsmen edarasynyň, Aklawjylar kärdeşleriniň we Döwlet, hukuk hem demokratiýa Institutynyň wekilleri üçin gurnaldy.
“Tussaghana işgärleriniň öz borçlaryny ýerine ýetirmegi üçin zerur düşünjelere eýe bolmagy gerek we olar başarnyklarynyň döwrebap bolmagyny üpjün etmek üçin zerur okuwlary geçmelidirler” diýip ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy Jon MakGregor aýdýar.
Maslahatlaryň dowamynda bendileriň saglygyny goramagyň we türme tussaglygy berjaý edilýän ulgamyň edaralarynda COVID-19 ýaýramagyna garşy çäreler görmegiň zerurdygy barasynda hem gürrüň edildi.
ÝHHG-sy 2009-njy ýyldan bäri IIM-gi bilen hyzmatdaşlykda tussaglaryň hukuklary hem jeza çäreleriniň işine degişli beýleki ugurlar boýunça birnäçe duşuşyk we okuw sapaklaryny gurnandygyny ýatladýar.
15-nji noýabrda “Türkmenistanyň Hronikasy” Daşoguzdaky aýal-gyzlar türmesinde azyk önümleriniň ýetmezçilik edýändigi, şeýlede ýyladyş ulgamynyň ýaramaz işleýändigi barada habar berdi.
Ýanwar aýynda Daşoguz welaýatynyň prokuraturasy DZ/K8 aýal-gyzlar türmesiniň, üç sany gullukçysyna garşy jenaýat işini gozgapdy.
Olar täze ýyl gijesi tussag zenany zorlamaga synanyşypdylar.The post ÝHHG bendileriň hukuklary mowzugyndan nobatdaky seminary gurnady first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.