Ýönekeý söwda platformasy Hytaýdan harytlary onlaýn satyn almagyň amatly usuly

Ýönekeý söwda platformasy  Hytaýdan harytlary onlaýn satyn almagyň amatly usuly

Türkmen işläp düzüjiler tarapyndan döredilen Ýönekeý söwda platformasy Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň ýaşaýjylaryna Hytaýdan dürli harytlary onlaýn sargyt etmäge mümkinçilik berýär.

Ýönekeýiň saýtynda we ykjam programmasynda ähli möwsümler üçin niýetlenen erkek, zenan hem-de çaga eşiklerini we aýakgap, hojalyk harytlaryny, öý goşlaryny, gap-gaçlary we aşhana enjamlaryny, çagalar üçin oýunjaklary, sport enjamlaryny, saz gurallaryny, kanselýariýa harytlaryny, bezeg we kosmetika önümlerini, hojalyk himiýa serişdeleri, awtoulag önümlerini we beýlekileri sargyt etmek mümkindir.

Önümi saýlamak we sargyt etmek üçin saýtda ýa-da programmada hasaba alynmak talap edilmeýär nusgany saýlamak, göwrümini görkezmek, önümi sebede goşmak hem-de doly adyňyzy, poçta we elektron salgyňyzy, telefon belgiňizi we beýleki aragatnaşyk maglumatlaryňyzy görkezmek bilen, degişli maglumat meýdançasyny doldurmak ýeterlikdir.

Harytlar üçin töleg Türkmenistanyň milli walýutasynda bank kartlary arkaly onlaýn ýa-da nagt görnüşinde amala aşyrylýar.

Ýönekeýiň wekiliniň belleýşi ýaly, söwda platformasynda ýüzlerçe haryt amatly bahalardan hödürlenýär.

Mundan başga-da, Ýönekeý söwda platformasynda Belarusyň, Dubaýyň we Russiýanyň ýaşaýjylary söwda edip bilerler.

Ýönekeý ykjam programmasyny Google Play we App Store-da ýükläp almak üçin elýeterlidir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenpoçta kompaniýasynyň gapydan-gapa çaparçylyk hyzmatynyň artykmaçlyklaryna baha beriň
Aşgabat gipermarketinde söwda edip başlamagyň esasy 5 sebäbi
Turkish Airlines awiapetekleri bronlamagyň dürli usullary barada habar berýär
Türkmenpoçtanyň täze hyzmaty türkmenistanlylara ýurduň medeni durmuşy bilen tanyşmaga we dynç alşy guramaga kömek eder
Bedew internet dükany gurluşyk harytlarynyň giň assortimentini 12 aýa çenli garaşaryna hödürleýär
Täze Aýterek mobil goşundysy harytlar we hyzmatlar barada bildirişleri ýerleşdirmek üçin mümkinçilikleri hödürleýär
Çapar — siziň ygtybarly we amatly kömekçiňiz