Ýolagçy otly peteklerini täzelenen mobil goşundydan satyn alyň!

Ýolagçy otly peteklerini täzelenen mobil goşundydan satyn alyň!

Demirýollary açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýolagçy otly gatnawlaryna petekleri onlaýn satyn almak üçin täzelenen mobil goşundysyny hödürleýär. Goşmaçalar girizilen we üsti ýetirilen täze mobil goşundysyny Play Market mobil goşundylar platformasyndan, şeýle hem railway.gov.tm web-saýtynyň üsti bilen ykjam telefonlaryňyza ýükläp alyp bilersiňiz.

Android ulgamlary üçin niýetlenen täze mobil goşundysy ýolagçy otly peteklerini onlaýn görnüşde satyn almak üçin amatly we üsti ýetirilen mümkinçilikleri hödürleýär. Täzelenen Railway mobil goşundysy iň täze we köne Android ulgamly enjamlarda ýeňil işleýändigi bilen tapawutlanýar. Onuň kömegi bilen ýolagçy otly peteklerini oturan ýeriňizde amatly we tiz usulda onlaýn satyn alyp bilersiňiz.

Ýakyn wagtda mobil goşundysynyň iOS ulgamly maglumat enjamlary üçin niýetlenen täze görnüşi hem işe giriziler.

Mobil goşundysy arkaly ýolagçy otly gatnawlaryna petekleri onlaýn usulda 15 gün öňünden satyn alyp biljekdigiňizi habar berýäris.

Ýene degişli makalalar

Demirýollary AGPJ täze hyzmaty Bir gezeklik ýapynjalary hödürleýär
“Demirýollary” ýolagçy otly gatnawlarynda täze hyzmatyny işe girizýär
Ýolagçy otly peteklerini täzelenen mobil goşundydan satyn alyň!
ÝOLAGÇY OTLULARYNA ELEKTRON BILETLERI ONLAÝN RESMILEŞDIRMEGIŇ TERTIBI TASSYKLANDY
Bernina Express meşhur otly syýahaty
Türkmendemirýollary agentligi petekleri onlaýn görnüşde satyn alyp bolýandygyny ýatladýar
Hytaý geçen çärýekde demir ýoluň 2,3 müň kilometrini ulanyşa girizdi