“Ysraýyl Gazada II Jahan Urşundan Soňky Iň Uly Gyrgynçylygy Edýär”

“Ysraýyl Gazada II Jahan Urşundan Soňky Iň Uly Gyrgynçylygy Edýär”

Prezident R. T. Erdogan, Ysraýylyň Gazada II jahan urşundakydan has uly gyrgynçylyk edýändigini aýtdy.

Stambulda berlen agzaçara gatnaşan Prezident Erdogan, Siriýada, Yrakda, Sudanda we soňky gezek Gazada başdan geçirilýän wakalaryň mübärek remezan aýynda dowam etmeginiň gynandyryjydygyny belledi.

Terror döwleti Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri çaga, zenan, ýaşuly diýmän gazaly asuda ilaty gyrgyna berýändigini nygtan Erdogan, “Ysraýyl Gazada II jahan urşundan soňky iň uly gyrgynçylygy edýär.Söweş döwründe goralmagy zerur bolan hassahanalary, saglygy goraýyş işgärlerini, ybadathanalary bilkastlaýyn nyşana alýandygyny görýäris.

BMG-nyň başda durmagynda ähli halkara guramalar bolsa Ysraýylyň wagşyçylykly hüjümlerine ýönekeý reaksiýa bildirmek bilen syn edýär”diýdi.

Türkiýe hökmünde sebitdäki dostlary bilen birlikde gazaly asuda ilata goldaw bermäge çalyşýandyklaryny aýdan Erdogan “Pygamberimiziň hadyslaryna laýyklykda elimiz bilen, dilimiz we ýüregimiz bilen zuluma garşy durýarys we gazaly doganlarymyza goldaw berýäris” diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Yrakda saparda bolýar
Zelenskiý musulman esgerler bilen agzaçarda duşuşdy
Sudanda Guralan Howa Hüjüminde 43 Adam Ýogaldy
Türkiýe-Yrak gatnaşyklary
Müsüriň Prezidenti Sisi Amerikaly Wekiliýeti Kabul Etdi
Dünýäde Ynsanperwer Kömege Mätäç Adamlaryň Sany Artdy