Ýurdumyzyň bilim edaralarynyň 223 mugallymy Russiýada hünär ýokarlandyryş okuwlaryna gatnaşdylar

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň bilim edaralarynyň 223 mugallymy Russiýanyň Naberežnyýe Çelny Döwlet pedagogika uniwersiteti tarapyndan guralan hünär ýokarlandyryş okuwlaryna gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky diplomatik wekilhanasy habar berýär.

Türkmenistanyň ýokary we umumybilim berýän mekdepleriniň mugallymlary üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary alty gün dowam etdi. Türkmen bilim edaralarynyň işgärleri edebiýat, rus dili, başlangyç synplarda labyzly okaýyş, matematika, informatika, himiýa we biologiýa ýaly ugurlar boýunça hünärlerini ýokarlandyrdylar.

Şeýle görnüşdäki hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ilkinji tejribe bolup durýar, munuň geljekde-de dowam etdirilmegi meýilleşdirilýär diýip, Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ikinji sekretary Kirill Woronkow aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Liwanur Berdiýewa zehinini rus teleýaýlymynda görkezýär
Zelenskiý musulman esgerler bilen agzaçarda duşuşdy
Polşanyň howa giňişliginde üç sany näbelli jisim anyklandy
ABŞ-nyň Razwedka Gullugy Russiýa-Ukraina Söweşinde Möhüm Pozisiýa Eýeledi
19-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Turkmenportalda PRO100 TECH tehno synynyň ilkinji sany ýerleşdirildi