Ýurdumyzyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy

Ýurdumyzyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy

Düýn 15-nji dekabrda hemmeler üçin uzak garaşylan, şatlykly we mähriban baýramyň — Täze ýylyň ýetip gelýändigini alamatlandyryp, ýurdumyzyň Baş arçasy nurana öwüşginde ýalkym saçdy. Asylly däbe görä, paýtagtymyzyň Köpetdagyň etegindäki täsin tebigy künjekleriniň birinde ýerleşýän Älem medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki giň meýdança dabaralaryň geçirilýän merkezine öwrüldi.

Maglumat hökmünde belläp geçsek, belent başy 2024 ýazgyly sekizburçly ýyldyz bilen bezelen Baş arçanyň beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deňdir. Ýurdumyzyň Baş arçasynda yşyklaryň ýakylmagy ertekilerdäki täsinlikler baradaky düşünjelere beslenen dabaradyr. Her ýyl Aýazbaba we onuň agtygy Garpamyk üçin geçilmeli täze, ýörite ugur, medeni maksatnama taýýarlanylýar. Şu ýyl hem guramaçylar ýaş tomaşaçylar üçin özüne çekiji tomaşany taýýarlapdyrlar.

Arzuwyň ertekilerdäki ýaly amala aşmagy netijesinde, Aýazbaba, Garpamyk hem-de oglanjyk Arkadag şäherinde peýda boldy. Soňra Täze ýyl arçalarynyň yşyklaryny ýakmak çäresine gatnaşyjylar Arkadag şäheriniň baş arçasynyň ýanyna gelip, bu ýerde guralan baýramçylyk konsertine tomaşa etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlary we süýjülikleri almak çagalar üçin ýatdan çykmajak pursada öwrüldi. Ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan dabara çagalar horeografiýa toparynyň, meşhur estrada aýdymçylarynyň Täze ýyla bagyşlan aýdymlaryny özünde jemleýän uly baýramçylyk konserti bilen tamamlandy.

Ýene degişli makalalar

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
Täze ýylyň şanyna baýramçylyk dabarasy
Hormatly Prezidentimiz Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasynyň ýanyndaky dabaralara gatnaşdy